Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Günüň başy birneme kyn bolup biler, aýratyn-da möhüm işlere başlamak ýa-da iri taslamalara gatnaşmak isleýän Hamallar üçin. Gelýän maglumatlaryň hemmesini üns bilen barlap, möhüm kararlar kabul etmezden ozal ýagdaýy jikme-jik seljermek maslahat berilýär. Tiz hereket etmek islenilmeýär, esasan-da ýakynlaryňyzyň bähbitlerine degişli meselelerde seresap bolmak zerurdyr.
Günüň ortasynda bolup geçýän wakalara üns beriň. Olar geljeki ugurlary kesgitlemäge, täze pikirleriň döremegine ýa-da soňky döwürde sizi alada goýýan soraglara jogap tapmaga kömek edip biler. Täze meýilnamalaryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmaga howlukmaň ilki bilen anyk hereket meýilnamasyny taýýarlamak has ýerliklidir.Agşamara oňyn täsirler güýçlenip, durmuşuň dürli ugurlarynda oňyn özgerişleri duýarsyňyz. Esasan-da şahsy gatnaşyklarda ýyldyzlaryň goldawy aýdyň duýlar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün maliýe meselelerini çözmek üçin örän amatlydyr. Bar bolan serişdeleri nädip has netijeli ulanmalydygyňyza düşünersiňiz, şeýle hem girdejileri artdyrmagyň ýollaryny taparsyňyz. Elbetde, pul öz-özünden gelmez, ýöne az mukdarda tagalla bilen býujetiňizi artdyrmak mümkin bolar. Satyn alyşlar hem üstünlikli bolar meýilleşdirilen hem-de meýilleşdirilmedik zatlary amatly bahadan alyp bilersiňiz.Günüň ortasynda gyzykly duşuşyklara garaşylýar. Käbir Sowurlar öňden bäri tanaýan adamlary bilen ýüzbe-ýüz geler. Şeýle hem dostluk ýa-da romantik gatnaşyklaryň başlangyjy hem mümkindir.
Günüň ikinji ýarymy syýahatlar üçin amatlydyr. Daşky gurşawy üýtgetmek köp Sowurlara ruhy lezzet berer. Döredijilik bilen meşgullanýanlar üçin ylhamly pursatlar garaşýar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Günüň başy käbir Jöwzalar üçin kyn geçip biler, esasan-da wakalary ýüregine ýakyn alýanlar üçin. Meýilnamalaryň bozulmagy, öňki hyzmatdaşlaryň goldaw berip bilmezligi ýa-da köne ylalaşyklaryň täzeden garalmagy sabyrlylygy synap biler. Käbir täsirlenýän adamlar özlerini ýeke duýup, ruhdan düşmegi mümkin. Oňyn täsirler tiz güýçlenip, günüň ikinji ýarymy has üstünlikli bolar. Uzak wagtlap jogap tapylmadyk soraglara çözgüt tapmak, geljeki meýilnamalary anyklamak mümkin bolar. Goldaw bermäge taýýar adam bilen duşuşyk bolup biler. Şeýle hem täze, ýakymly tanyşlyklar keýpiňizi göterer.
Maliýe meselelerinde howlukmaň, aýratyn-da karz almak ýa-da tölegli satyn alyşlar bilen bagly kararlar kabul edilende seresap boluň. Akylly çemeleşme artykmaç çykdajylardan gorar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Möhüm işler we jogapkärli meseleler üçin amatly gün. Ilki bilen näme bilen meşgullanmalydygyňyzy aňsatlyk bilen kesgitläp bilersiňiz. Köp Seretanlar üçin intuisiýa täze ýagdaýlarda çalt ugrukmaga kömek eder. Şeýlelikde, olar köne bäsdeşlerinden öňe geçip, üstünlik gazanyp bilerler.Gyzykly teklipler gelip biler, emma dessine razylaşmaga howlukmaň. Şertleri üns bilen öwrenip, has peýdaly mümkinçilikleriň ýokdugyny anyklamak möhümdir. Amaly pikirlenmek käbir Seretanlara goşmaça girdeji gazanmaga ýa-da başarnyklaryny täze ugurda peýdalanmaga mümkinçilik berer. Şübheli geleşiklerden gaça durmak dogry çözgütdir.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklar käwagt kyn bolup biler, ýöne umumy dil tapmak başardar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gün. Öň başgalaryň pikirine üns bermedik adamlar hem sizi diňlär. Täze tanyşlar bilen bilelikdäki işlere başlamak mümkin, bu bolsa uzak möhletli dostluga ýa-da romantik gatnaşyga öwrülip biler.
Günüň ortasynda täze we gyzykly pikirler döreýär, olary tiz wagtda durmuşa geçirmek mümkin bolar. Adaty çäklerden çykmakdan gorkmazlyk sizi beýlekileriň başarmadyk ýerinde üstünlik gazanmaga alyp barar. Döredijilik ukyby ýokary bolar we bu ýagdaý ünsden düşmez.
Günüň dowamynda ýakynlar bilen gatnaşyklar rahat geçer, esasan-da agşam maşgala çäreleri, umumy meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr. Romantik duşuşyk hem sizi lapykeç etmez.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Ujypsyz zatlar üçin alada etmezlik ýeterlik bolar. Gün umuman rahat geçer, diňe ownuk düşünişmezlikler ýa-da tötänleýin ýagdaýlar bolup biler. Olara ýeňil garap, ruhdan düşmezlik möhümdir. Täze işe başlamak mümkin, emma öň başlanyp, tamamlanmadyk işleri gutarmak has ýerliklidir. Şu gün üstünlik size ýaran bolar.Meýilleşdirilmedik çykdajylar bolup biler, olar köplenç zerur zatlary satyn almak ýa-da tehniki abatlaýyş bilen bagly bolar.Emma mukdary uly bolmaz, şonuň üçin alada etmegiň hajaty ýok.Şeýle hem gün köne tanyşlar bilen duşuşmak, şeýle hem öň bozulyp giden gatnaşyklary dikeltmek üçin amatlydyr.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Irden bir zatlar başa barmasa, gaty lapykeç bolmaň. Bu wagtlaýyn ýagdaýdyr we tiz wagtdan ýagdaý gowulaşar. Ikinji ýarym gün köne işleri tamamlamak hem-de täze başlangyçlar üçin örän netijeli bolar.Möhüm gürrüňleri günüň ortasyndan soňra goýmak maslahat berilýär. Şonda pikirleriňizi jemläp, zerur maglumatlary toplap, ynandyryjy delilleri taýýarlap bilersiňiz. Käbir meseleler bolsa öz-özünden çözülip biler.Özüňizi artykmaç ýüklemekden gaça duruň. Bu gün saglygyňyza üns bermek, dynç almak has ýerliklidir.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Gün aňsat bolmasa-da, şowsuz hasaplamaga esas ýok. Ownuk kynçylyklar bolup biler, emma olar meýilnamalaryňyzdan ýüz öwürmäge mejbur etmez. Päsgelçilikleri ýeňip geçmek bilen gymmatly tejribe toplarsyňyz. Käbir Akraplar üçin peýdaly goldaw berjek adamlar bilen tanyşlyk hem mümkin.Aragatnaşykda saýlap-seçiji boluň. Hilegärlik edýän ýa-da açyk gürlemeýän adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň. Tankytçy adamlaryň sözleri keýpiňizi bozup biler. Muňa derek, sizi goldaýan adam bilen gürrüňdeşlik güýç berer.Bu gün göwnüňize ýaraýan adama duşuşmak üçin amatlydyr. Özüňizi zorlaman, diňe özüňiz bolmagyňyz ýeterlikdir.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün köp iş etmeli bolar, emma bu sizi gorkuzmaz. Kowuslar energiýadan doly bolar we ony peýdaly ugra gönükdirip bilerler. Başgalara kömek etmek islegi güýçli bolar we muny nädogry peýdalanjak adamlar tapylmaz.Okuw, ylmy gözlegler we hünär bilen bagly meseleler üçin örän amatly gün. Tejribeli adamlaryň maslahaty geljekde ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda täze bir zat bilen meşgullanmak ýa-da gündelik işlerden biraz daşlaşmak peýdaly bolar. Täze täsirler güýç-kuwwatyňyzy artdyrar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Uly maksatlaryňyz bar bolsa, tutanýerlilik görkezmäge taýýar boluň. Ilkinji ädimlerde kynçylyklar bolup biler, emma başlanan işi taşlamak maslahat berilmeýär. Päsgelçilikler çak edişiňizden ýeňil bolar. Şeýle hem size kömek etmäge taýýar adamlar bar olar bilen meseleleriňizi paýlaşyň.Köne gatnaşyklary dikeltmek, öň bile okap ýa-da işläp gören adamlar bilen habarlaşmak üçin amatly gün. Bu aragatnaşyk geljekde peýdaly tekliplere getirip biler.Romantik gatnaşyklar üçin gün örän oňat. Täze tanyşlyklara we açyk Jediler üçin ýakymly duşuşyklara garaşylýar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün beýlekiler bilen düşünişmek biraz kyn bolup biler. Pikirleriňizi düşündirmek üçin köp wagt gerek bolar, käwagt size nädogry düşünip bilerler. Jedeller ýüze çyksa-da, açyk dawa girmezlik maslahat berilýär, sebäbi soňra gatnaşyklary dikeltmek kyn bolar. Tankytlara asuda garamaga çalyşyň olar esasan ownuk zatlara degişlidir.Maliýe taýdan bu gün oňaýly däl. Güýmenje ýa-da zerur däl zatlara köp pul harçlamak howpy bar. Täze tanyşlaryň teklip edýän geleşiklerine howlukmaň.Güniň ikinji ýarymynda maşgala meseleleri ünsüňizi talap edip biler. Meýilnamalaryňyzy biraz üýtgetmäge mejbur bolarsyňyz, emma bu ýagdaýy tiz çözüp bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Köp möhüm işler üçin amatly gün. Üstünlikli bolmak üçin ileri tutulýan ugurlary özüňiz kesgitläň. Şeýle hem Intuisiýaňyza ynanmak has dogry bolar.Dynç alyş çärelerine, seminarlara ýa-da konferensiýalara gatnaşan Hutlar üçin ýakymly tanyşlyklar garaşylýar. Umumy gyzyklanmalary bolan adamlar bilen tiz dil taparsyňyz. Dostluk ýa-da romantik gatnaşyklaryň başlangyjy mümkindir.
Günüň ikinji ýarymynda bolup geçýän wakalar soňky döwürde ikirjiňlenip ýören Hutlara dogry ugury görkezmäge kömek eder. Özlerine bolan ynam artar, özlerini has azat duýarlar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
