Fransiýanyň hökümeti 3-nji ýanwardan başlap, 6 ýaşdan uly bolan adamlaryň ählisi jemgyýetçilik ýerlerinde hökmany agyz-burun örtügini dakynmagy babatda çözgüt kabul etdi. Bu barada “Journal officiel” neşiri habar berýär.
Mundan ozal, ýurtda örtük dakynmak 11 ýaşdan ululara hökmanydy. Fransiýanyň ilaty ulaglarda, jemgyýetçilik ýerlerinde, sport desgalarynda, dini edaralarda örtük dakynmaly bolarlar.
Pariž bilen bir hatarda köp sanly şäherlerde köçelerde hem örtük dakynmak düzgüni girizildi. Bu düzgüni bozan raýatlara 135 ýewro jerime salynýar.
Täze düzgün koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly wakalaryň köpelmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Fransiýa bu howply wirusyň 5-nji tapgyryny başdan geçirýär. Ýurduň Saglygy goraýyş edarasynyň maglumatyna görä, koronawirus ýokançly wakalaryň 232 müňüsi hasaba alyndy. Ýurduň hassahanalarynda 18,7 müň adam koronawirus alamaty bilen bejergi alýar.
67 million ilatly Fransiýada 53 million adam sanjym aldy. 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň soňky günleriniň maglumatyna görä, 24,1 million adam buster sanjymyny, ýagny 3-nji doza sanjymy hem kabul etdi.
Şeýle hem Fransiýanyň paýtagtynda Täze ýyl gijesi 800 töweregi adam örtük dakynmak düzgünini bozandygy üçin jerime salyndy.