JEMGYÝET

6-njy Hazar Sammiti Türkmenistanda geçiriler

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümi tassyklandy.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, mejlisiň barşynda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Altynjy Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar meseleleriniň oýlanşykly çözgüdiniň işlenilip düzülmeginde görnetin öňdebaryjy orny eýeleýändigini nygtady. Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň ähmiýetli orun eýeländigi we bu hereketleriň ekologiki aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagynda hazarýaka döwletleriniň ählisi bilen hyzmatdaşlykda halkara hukugynyň çäklerinde dowam edilýändigi bellenilip geçildi.

Ministr şeýle hem 2018-nji ýylda Aktau şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekilendigini belläp, bu taslamanyň işlenilip düzülmeginiň baryp 2002-nji ýylda Türkmenistanda başlanandygyny nygtady. Ol Türkmenistanyň mundan beýläk hem özara hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda Hazar deňzi boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça zerur tagallalary durmuşa geçirjekdigini aýratyn belledi. Bu – ykdysadyýete, ekologiýa, howpsuzlyk, ulag we beýleki ulgamlaryň ählisine degişlidir. Şunuň bilen birlikde ýurduň ekologiýa diplomatiýasyna laýyklykda, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere we ýaşyl ykdysadyýetiň çäklerindäki işlere aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.

DIM-niň ýolbaşçysy Altynjy Hazar Sammitine berk taýýarlyk görülmeginiň zerurlygyny beýan etdi. Ol bu ugurda ileri tutulýan işleri belläp geçdi. Guramaçylyk häsiýetli meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek bilen bir hatarda ol hyzmatdaşlygyň binýadynyň we geriminiň giňeldilmegi üçin degişli hukuk we ykdysady gurallaryň işlenilip düzülmegine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň derwaýyslygyny aýratyn nygtady.

Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, hazarýaka döwletleriniň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we giňişleýin özarahereketleriň pugtalandyrylmagy maksady bilen bu ugurda geljekde hem netijeli işleri dowam etmeklige hemmetaraplaýyn ygrarlydyr.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri