SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

590 günden soňra ilkinji halkara gatnawy kabul etdi

Awstraliýanyň Sidneý howa menzili 590 günden soňra ilkinji halkara uçar gatnawyny kabul etdi. Awstraliýanyň hökümeti awiagatnawlary täzeden dikeltmek boýunça maksatnamasyny işläp düzdi.

Sidneý şäheriniň howa menziline 590 günden soňra ilkinji halkara gatnawy amala aşyryldy. Bu barada “Qantas” awiakompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Los-Anželes-Sidneý aralygynda uçar gatnawyny amala aşyran uçar ýerli wagt bilen 6:00-da howa menziline gondy. Bu gatnaw bilen gelen ýolagçylar koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen karantin çärelerini we beýleki çäklendirmeleri berjäý ederler.

Sidneý şäherine gelen ähli ýolagçylaryň koronawirus ýokanjyna garşy doly sanjym alandygy mälim edildi. Şol uçaryň yzyna ABŞ-a uçuşy ýerli sagat bilen 18:30-da ýerine ýetiriler.

Mälim bolşy ýaly, Awstraliýa 1-nji noýabrdan başlap, doly sanjym alan awstraliýalylar hem-de olaryň ýakyn garyndaşlary üçin serhetlerini açdy. Diňe Täze Günorta Uels hem-de Wiktoriýa ştat;arynda karantin çärelerine tabyn bolmazdan girmäge rugsat berilýär. Halkara gatnawlary bolsna Sidneý we Melburn şäherleriniň howa menzilleri kabul edýär.

Şeýle hem “Pfizer” (Comirnaty), “AstraZeneca”, (Waxzevria) ýa-da “Moderna” (Spikevax) ýaly iki dozada tassyklanan ýa-da ykrar edilen sanjymy alan 12 we şondan ýokary ýaşly Awstraliýanyň raýatlary daşarky syýahat zerurlygy bolmazdan Awstraliýadan başga ýurda gidip bilýärler.

 

COP26 halkara maslahaty geçirilýär

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy