SPORT

36 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşýar

Kanadanyň milli ýygyndysy 36 ýyldan soňra futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Kanadanyň ýygyndysy Ýamaýkany 4:0 hasabynda utup, saýlaw tapgyryň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandy.

Toronto şäherinde geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda tamamlandy. Kanadanyň düzüminde Kaýl Larin, Tažon Buşanan, Dewid Hoýlett tapawutlandy. Ýene-de bir goly bolsa Ýamaýkanyň futbolçysy Edrian Mariappa öz derwezesine gönükdirdi.

Kanadanyň ýygyndysy KONKAKAF sebitinde dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyryna gatnaşdy. Kanada 13 duşuşykda 28 utuk jemläp, dünýä çempionatyna gatnaşmaga mümkinçilik aldy.

Kanadanyň ýygyndysy ikinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar. Mundan ozal, kanadalylar 1986-njy ýylda öz ýurdunyň milli ýygyndysyna janköýerlik edipdi.

Häzirki wagtda dünýä çempionatyna gatnaşjak 32 ýygyndydan 20-si belli boldy.

Çempionata gatnaşmak üçin Horwatiýa, Germaniýa, Daniýa, Braziliýa, Argentina, Belgiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Serbiýa, Angliýa, Şweýsariýa, Niderlandlar, Eýran, Günorta Koreýa, Ýaponiýa we Saud Arabystany hukuk gazanypdy.

Ýer eýeleri Katar çempionata göni gatnaşýar.

2022-nji ýyldaky dünýä çempionaty 21-nji noýabr-19-njy dekabr aralygynda Katarda geçiriler.

 

2022-nji ýyldaky “Oskar” baýragynyň ýeňijileri

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi