JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi

20-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Söhbetdeşligiň başynda Liderler biri-birini mukaddes Oraza baýramy we bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni bilen mähirli gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Özbegistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem özüniň mähirli gutlaglaryny iberdi.

Özbek-türkmen dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüşiniň işjeň depgini kanagatlanma bilen bellenildi.

Ähli derejelerde netijeli aragatnaşyklar dowam edýär. Taýýar önümleriň iberilmegi bilen haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Ýaňy-ýakynda işe girizilen «Şawat-Daşoguz» söwda zolagynyň netijeli işi hem özara söwdanyň artmagyna ýardam edýär.

Ýük daşamalarynyň, şol sanda Halkara Türkmenbaşy porty arkaly amala aşyrylýan ýükleriň möçberi yzygiderli artýar. Energetika, senagat, suw hojalygy we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk giňelýär. Parlamentara, sebitara, işewürlik we medeni-ynsanperwer alyşmalary giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar Ýakyn Gündogarda we Günorta Aziýada emele gelen ýagdaýlar barada pikir alyşdylar. Durnukly parahatçylygyň ýeke-täk ýolunyň ýagdaýy syýasy-diplomatik çäreler arkaly kadalaşdyrmakdygy nygtaldy.

Şeýle hem şu ýyl geçiriljek köpçülikleýin we ikitaraplaýyn çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri