MEDENIÝET

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

«Aşgabat» kinoteatrynda 24-nji ýanwara çenli dowam etjek hindi filmleriniň festiwaly başlady. Festiwalyň guramaçylary hökmünde Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumat we teleradioýaýlym ministrligi çykyş etdi.

Görkezişler başlamazdan ozal kinoteatryň girelge böleginde tematiki afişalar sergisi guraldy. Festiwalyň dabaraly açylyşynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu çykyş edip, türkmen-hindi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.

Aşgabatda hindi kinosy festiwaly 24-nji ýanwara çenli dowam eder.

 

Festiwalyň maksatnamasy telugu dilinde düşürilen, režissýor S. Rajamauliniň “RRR” atly uly möçberli filmi bilen açyldy. Bu eser tomaşaçylary XX asyryň başlaryna alyp gidýär we kolonial geçmiş döwründe öz halkynyň bähbitlerini gorap çykyş eden iki gahrymanyň dostlugy barada gürrüň berýär.

Hepdäniň ahyryna çenli tomaşaçylar hindi kinematografiýasynyň nusgawy filmlerini hem-de häzirki zaman filmlerini görüp bilerler.

  • 21-nji ýanwarda sagat 11:00-da “Zita we Gita” (1972) filmi, sagat 17:00-da bolsa “12-nji şowsuzlyk” (2023) görkeziler.
  • 22-nji ýanwarda maksatnamada “Disko tansçysy” (1982) we “83” (2021) filmleri bar.
  • 23-nji ýanwarda “Ar alyş we kanun” (1975) hem-de “Rakşa Bandhan” (2022) filmleri görkeziler.
  • Festiwal 24-nji ýanwarda sagat 11:00-da “Ingliş-wingliş” (2012) filmi bilen tamamlanar.

Ähli filmlere giriş mugt.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri