SPORT

“Fenerbahçe” Türkiýäniň Superkubogyny gazandy

Türkiýäniň futbol boýunça milli çempionatynda çykyş edýän «Fenerbahçe» topary Türkiýäniň Superkubogynyň finalynda «Galatasaraý» toparyndan üstün çykdy.

«Fenerbahçe» toparynyň düzüminde gollary Matteo Genduzi (28-nji minutda) we Jeýden Osterwolde (48-nji minutda) geçirdi.

Duşuşyk “Fenerbahçe” toparyna Žoze Mourinýodan soňra tälimçilige bellenen baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.

«Fenerbahçe» öz taryhynda 10-njy gezek Türkiýäniň Superkubogynyň eýesi boldy.

Türkiýe Ispaniýadan we Italiýadan nusga alyp, Superkubogy «dörtleriň finaly» formatynda geçirdi. Emma ispan we italýan klublaryndan tapawutlylykda, türk klublary oýunlary geçirmek üçin Saud Arabystanyna uçmaly bolmadylar. Bu mini ýaryş Türkiýäniň özünde geçirildi.

Oňa “Fenerbahçe”, “Galtasaraý”, “Tranbzonspor” we “Samsunspor” toparlary gatnaşdyryldy.

«Galatasaraý» bu ýaryşda gazanan 17 ýeňşi bilen, Superkuboklaryň sany boýunça Türkiýäniň iň şowly kluby bolup, beýleki garşydaşlaryndan uly aratapawut bilen öňe saýlanýar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi