DÜNÝÄ

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary döwletleriň meşhur estrada ýyldyzlarynyň Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konsertleri dowam edýär. Ilkinji bolup, eýran asylly, şwesiýaly aýdymçy, kompozitor we prodýuser Araş Labaf çykyş etdi.

Soňra bolsa, «Mot» lakamy bilen meşhur bolan rus aýdymçysy Matweý Melnikowyň şowhunly konserti geçirildi.

Aýdym-saz sungatynyň rep we hip-hop žanrlarynda döreden ajaýyp eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan Matweý Melnikow türkmen sahnasynda ilkinji gezek çykyş etdi.

Aýdymça şöhrat getiren «Soprano», «Solo», «Mama ýa w Dubaýe» aýdymlary tomaşaçylarda uly şowhun döretdi. «Kapkan», «Portret», «Peremeny — eto krasiwo» ýaly aýdymlar hem gyzgyn garşylandy. «Şarady» we «Sluçaýnosti ne sluçaýny» aýdymlary bolsa häzirki wagtda iň köp diňlenilýän halkara aýdym-saz sanawlarynda öňdäki orunlardadyr. Şeýle ajaýyp şüweleň agşamy oňa gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Munuň şeýledigini her bir ýerine ýetirilen aýdymy tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalar bilen garşylamagy-da aýdyň görkezdi.

Matweý Melnikow türkmen topragynda myhmançylykda bolýandygyna, şeýle ajaýyp agşamda türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş edýändigine örän şatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallygyny beýan etdi. «15 ýyllyk döredijilik we konsert işimiň içinde ilkinji gezek Aşgabatda bolýaryn. Bu toprakdaky myhmansöýerlik we mähribanlyk eýýäm howa menziline gadam basanymyzdan bize duýuldy. Bu ýerde biz özümizi edil öýümizde ýaly duýýarys» diýip, meşhur estrada ýyldyzy belledi.

Ýene-de okaň

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy