Şöhrat Myratgulyýew: küşdi Kasparow bilen oýnasym gelýärdi
Entek küştçi hakynda makala ýazyp görmedim. Bu ilkinji synanyşygym. Arada okyjylarymyň biri filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Muhammetgurban Orazow gabat geldi. Ol:
— «Atawatan Türkmenistan» halkara žurnalyna şahyr Hajy Kakalyýew hakynda ýazan makalaňyz «Miras» radioýaýlymynda okaldy. Hezil edip diňledim. Gowy ýazypsyňyz. Ynha, menem Şöhradyň doglan gününe goşgy ýazdym. Şöhrat Myratgulyýewi tanaýansyňyz-a? — diýdi.
— Elbetde. Ýüzbe-ýüz gürleşib-ä göremok, ýöne öňümden çyksa tanaryn. Sebäbi ol bir mahallar teleýaýlymda hepdäniň sport wakalaryny gürrüň berip gepleşik alyp barýardy. Türkmenistanyň «Küşt we şaşka» mekdebinde birnäçe ýyl direktor boldy. Gaýybana gowy tanaýan. Siz küştçi Şöhrat mugallym barada aýdýansyňyz-a? — diýip sowal berdim.
— Hawa. Ol 1980-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesinde we radiosynda sport alypbaryjysy bolup işleýärdi. Özüniň şu çaka çenli küşt ugrundan işlän döwründe ýigrimi sany sport ussatlygyna dalaşgäri , dört sany sport ussadyny, iki sany Halkara derejeli sport ussadyny we üç sany Halkara grossmeýsteri taýýarlady. Küşt boýunça Dünýä çempionatynyň 3-nji baýrakly ornuny eýelän, 1998-nji ýylyň küşt Olimpiadasynyň çempiony Mähri Öwezowa-da Şöhradyň taýýarlan şägirtleriniň biri. Şöhrat Bütindünýä küşt federasiýasynyň ussady. 1989-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň žurnalistler birleşiginiň agzasy. 1991-nji ýylda «SSSR-iň Bedenterbiýe we sport boýunça otliçnigi», 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigi», 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly atlara mynasyp boldy. 2006-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy. 1991-nji ýyldan bäri ýokary derejeli türgenleşdiriji-mugallym bolup, 1992-nji ýylda Filippin döwletiniň Manila şäherinde geçirilen FIDE — niň kongresinde oňa «Halkara emin» diýen at berildi. Nesip bolsa, noýabryň 26-syna ýürekdeş dostum ýetmiş ýaşaýar — diýip, onuň bilen bile düşen suratyny hemem oňa bagyşlap ýazan gutlag goşgusyny berdi.
Milli küşt sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşup gelýän, ýaş küştçüleri taýýarlamakda şeýle uly işler bitirýän halypa küştçiniň ýubileý ýaşy bolsa, redaksiýanyň adyndan bizem hökman gutlarys — diýip, ýakynda onuň bilen iş ýerinde söhbetdeş bolduk. Barsam ol dürli ýaşdaky ýaşajyk küştçüler bilen sapak geçir dur. Has kiçijek oglan-gyzlaram küşt öwrenmek üçin gatnaýan eken. Sapaga päsgel bermän biraz garaşdym. Şöhrat mugallym olary ugrukdyrdy-da derrew geldi. Ilki bilen ondan:
— Mugallym, hut şu pursat özüňiziň çagalyk ýyllaryňyz bilen bagly haýsy pursat ýadyňyza düşýär? — diýip soradym. Ol:
— Garri Kasparow menden ýedi-sekiz ýaş kiçi. Çagalygyndan ejesi elinden tutup küşde gatnadardy. Ol küşt oýnamak bilen birlikde fudbol oýnamagam gowy görýärdi. Bir gün sport mekdebe gelende ol meniň bilen elleşip salamlaşdy-da: «Bu gün meýdançadaky oglanlar bilen fudbol oýnajak» diýdi. Men onuň bilen küşt oýnamagy gowy görýärdim. Elinden tutup goýbermän gapynyň içinden gulpladym-da: «Ilki meniň bilen küşt oýnarsyň, onsoň goýberjek» diýdim. Otagyň äpişgesi açykdy. Üçünji gatyň aýnasyndan:
«Eje-e-e, meni goýberenok» diýip, elini galgadyp gygyrdy. Ejesem uzagrakdaky oturgyçda ogluna garaşyp otyr. Oglunyň näme diýýänini eşitmän, oturan ýerinden olam ogluna tarap elini galgadýar. Ahyry ejesiniň alyp gitmejegine göz ýetirip:
— Bir partiýa oýnaýaly? — diýdi.
— Ýok, üç partiýa oýnarsyň — diýdim. Alaçsyz razy boldy. Soň gapyny açdym. Şondan soň ol fudbol oýnamaga gitdi.
Birnäçe ýyl geçensoň, Moskwada Bütindünýä küşt olimpiadasyna bardym. Şonda şol ýerde Garri Kasparow bilen duşuşdyk. Çagalyk ýyllaryňyz bilen bagly haýsy pursat ýadyňyza düşýär? — diýip, siziň maňa beren sowalyňyzy berdim. Ýadyndan çykmandyr. Ýaňky gürrüň beren pursadymy ýatlady.
Kasparowyň ýatkeşligi diýseň güýçli. Ol bäş ýüz telefon belgini hem haýsy belgi bilen kime jaň etmelidigini ýatdan bilýär.
Bir gezek Dünýä çempionaty bolanda ol çykyş etmeli boldy. Şonda her kim çykyş edende «pylança minutdan artyk çykyş etmeli däl» diýlip, belli bir wagt berildi. Kasparow:
— Maňa ýigrimi minut wagt berseňiz bolýar — diýdi. Ol çykyş etmek üçin sahna çykandan sagat tutup wagt belledim. Haýran galdym. Ýigrimi minutdan bir sekunt öňede geçmän, soňa-da galman laýyk çykyşyny tamamlady — diýip ýatlady.
Şöhrat mugallym okuwçylary bilen gümra bolan wagtynda men onuň iş otagyndaky kitaplar bilen tanyşdym. Ol küşt barada alty kitap ýazypdyr. 1988-nji ýylda «Küşt menzilleri», 2004-nji ýylda «Küşt müň dürli satlykdyr», 2016-njy ýylda «Sadranç jadyly oýun», 2017-nji ýylda «Küşt äleminde», 2019-njy ýylda «Müň bir gözellik», 2021-nji ýylda «Gündogaryň ajaýyp oýny» atly ýazan kitaplary türkmen, rus, iňlis dillerinde ýurdumyzyň dürli neşirýatlarynda çap bolupdyr. Kitaplary derrew gözden geçirdim. Küşt bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky okyjylara niýetlenen gollanmalardan kän zatlar öwrenip boljak, ýöne men ilki bilen ol kitaplardaky arhiw suratlary synlap, özümi gyzyklandyrýan sowallary bellik etdim.
Şöhrat Myratgulyýew küşt oýnunyň taryhy we dürli döwürlerde küşt oýnunda özüni tanadan şahsyýetler barada ýazan «Küşt menzilleri» atly ilkinji kitabyny kärdeşi Amanmuhammet Altyýew bilen bilelikde ýazypdyr. Bu kitaby barada ol alym Ahmet Bekmyradow bilen telim gezek gürrüňdeş bolup ondan kän zatlary öwrenendigini aýtdy. Onuň Ahmet Ödeýew bilen ýazan «Küşt äleminde» atly kitabynda Türkmenistanyň halk hudožnigi Rejepmuhammet Berdiýewiň çeken suraty hem ýerleşdirilipdir. Suratyň aşagynda Dünýäniň resmi däl küşt boýunça birinji çempiony Abu-Bekir Ibn Ýahýa Muhammet As-Suly.
Durmuşyň özi bir sadranç mysaly,
Göreşe çagyrýar her bir ynsany,
Akyly taplamak sadranç endigi,
Taplanyp çykanyň şodur ýeňdigi — diýlip ýazylan goşgy setirleri bar. Onsoň Şöhrat mugallymdan bu hudožnigiň telefon belgisini aldym. Jaň üsti bilen ondan Şöhrat mugallym hakynda gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol:
— Şöhrat jan, daşgynyrak inilerimiziň biri. Bir gün ol: «Agam, gaýrat edip maňa As-Sulynyň suratyny çekip beräýseňiz, ýöne onuň oturyp küşt oýnaýan keşbi bolsun» diýip jaň etdi. Özüniň ol barada bilýänlerini gürrüň berdi. Onsoň Gökdepäniň Hurmant-Gökje obasynda Pirli aga diýen küşt oýnunyň janköýeri bolan ýaşuly bardy. Ol 96 ýaşynda dünýeden gaýtdy. Şonuň ýanyna bardym: «Pirli daýy, sizde küşdüň ensiklopediýasy bar» diýip eşitdim. Kyn görmän, maňa şol kitaby okamaga beräýseňiz. As-Suly barada öwrenjek. Suratyny çekjek bolýan» diýip haýyş etdim. «Bolýa, suratyny çekjek bolsaň beräýerin» diýdi. Gowy kitap eken. Pugta öwrenip, suratyň garalama görnüşini çekdim. Şöhrat janyň öte sowatlydygyna şonda hasam göz ýetirdim. Taryhy maglumatlary ylmy derejede öwretdi. Juda kän okaýandygyna haýran galdym. Şonda ol maňa: «Suratyň arka tarapynda As-Sulynyň döwrüniň arhitekturasy bolsun» diýdi.
Şol döwrüň küşt tagtasy, küşdüň mallary hakynda oýlandym. Özbegistanyň muzeýinde XIV asyra degişli küşt tagtasy bar eken, ýöne ol As-Sulynyň döwrüne gabat gelmän küşdüň mallary üýtgän bolmagy ahmal diýen pikir bilen ýene Şöhrada maslahat saldym. Ol: «Ýakyn günlerde iş bilen Angliýa gidip geljek. Şol ýerdäki muzeýlerdenem maglumat gözläýin, garaş, agam!» diýdi. Şeýdip onuň şol ýerden surata düşürip getiren maglumatlary esasynda suraty çekdim. «Gözleriniň içi mawymy ýa-da gara gözmi görünsin, hemem As-Suly örän owadan keşpde bolsun, agam! Sebäbi geljekde ol barada film dörediläýende-de nähili keşpdäki gahrymany surata düşürmelidigi göz öňüne gelsin» diýip tabşyrdy. Suraty onuň tabşyryşy ýaly çekdim — diýip gürrüň berdi. Öz ýanymdan: «Onda bu surat Aýhan Hajyýewiň Magtymgulynyň keşbini çekişi ýaly As-Sulynyň kanonik suraty bolýarmyka?» diýip oýlandym…

Okuwçylary öýlerine gidensoň, Şöhrat mugallym bilen söhbetdeşligimizi dowam etdik. Ilki bilen ondan gysgajyk terjimehalyny soradym. Ol:
— Men 1955-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan. 1962-1972-nji yyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdepde bilim aldym. 1974-1976-njy yyllar aralygynda Germaniýa Demokratik Respublikasynyň Galle we Drezden şäherlerinde harby gullukda boldum. 1977-1983-nji yyllar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetinde okadym. Ýokary okuw mekdebini tamamlanymda «Küştdäki täze sözler» atly diplom iş taýýarladym. On üç ýaşymda paýtagtymyzdaky «Pionerler» köşgüne küşt-şaşka gurnagyna gatnap başladym. Ol ýerde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Eduard Keworkow ilkinji halypam boldy. Soňra 15-16 ýaşlarymda Hojamämmet Geldimämmedowdan, Amanmyrat Kakageldiýewden tälim aldym. 1972-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandym. Şol ýaryşda Garri Kasparow bilen oýnan oýunlarym iň bir oňat oýunlaryň biri boldy. Bu barada SSSR-iň at gazanan tälimçisi Wladimir Zakynyň «Puti sowerşenstwowaniýa» atly kitabynyň 102-nji sahypasynda-da görkezilýär — diýip gürrüň berdi.
Şöhrat mugallymyň halkara derejeli ýaryşlar bilen dünýäniň kän ýurtlarynda bolandygyny bilýän. Meniň üçin onuň daşary ýurtlarda bolan pursatlarynyň ýatlamalaryny diňlemek has-da gyzykly. Onsoň bu barada pikirimi aýtdym.
— Moskwada ýaşap ýüz ýaşdan soň dünýäden öten halkara grossmeýster Ýuriý Lwowiç Awerbah bilen halkara ýaryşlaň birinde tanyşdyk. Bütindünýä küşt olimpiadasynda baş emin boldy. Onuň küşt barada ýazan kitaplaryndanam kän zatlar öwrendim, ýöne ýanynda bolanyňda-da köp zatlar öwrenip bolýar. 1994-nji ýylda küşt boýunça Bütindünýä ýaryşy geçirilende onuň bilen Moskwada duşuşmak miýesser etdi. Şonda tegelek stoluň başynda dünýä belli küştçüleriň arasynda As-Suly hakynda özara jedelli gürrüň boldy. Ady anyk ýadymda däl As-Suly barada biri sowal berdi. Ýüriý Awerbah oňa şeýle jogap beripdi: «As-Suly ensiklopedik pähimli, köpgyraňly şahsyýet bolupdyr». Eýsem-de şeýle ýokary baha mynasyp bolan as- Suly kim? Ol haýsy döwürde ýaşapdyr? Haýsy halkyň ogly? Bu soraglara W.N.Panowyň aşakdaky sözleri bilen jogap berip bolýar: «Araplaryň arasynda hem al-Adly (IX asyr) , Mawerdi (X asyr) ýaly ençeme küştçüler ösüp ýetişipdir. Bu döwürde iňňän meşhur küştçi, dünýäniň çempiony atlandyrylan türkmen Abu-Bekir as-Suly as-Şadranjy bolupdyr, ol küşt hakynda arap dilinde ýazylan iki sany belli golýazmanyň awtory bolmak bilen, sadranç barada öňden bar bolan işleri toplap, düzedişler girizip, özüniň küşt meseleleri boýunça köp sanly derňewlerini geçiripdir». Küşt taryhyna degişli kitaplarda, makalalarda ady ýöne as-Suly diýlip tutulýan Abu-Bekir Muhammet ibn Ýahýa ibn Abdylla as-Suly as-Şadranjy, ine, şeýle adam bolupdyr» diýip pikirini aýtdy. Men bu barada «Diýar» žurnalynyň 2020-nji ýylyň 11-nji sanynda ýazan makalamda-da belläp geçdim. Daşary ýurtlarda bolan ýaryşlardaky wakalardan ýene birini ýatlaýyn.
1993-nji ýylda şägirdim Mähri Öwezowanyň özi hem kakasy bilen Hindistanyň Kalkutta şäherinde 20 ýaşly gyzlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşmaga gitdik. Şonda arakesmede öňki soýuzyň çäginden baran gyzlar öz aralarynda rus dilinde gürleşensoňlar, olaryň gürrüňine düşünip bolýar. Ýaryşda bije atylyp ýaryşdyrylýardy. Şonda gyzlar: «Garşydaşymyza Mahri bir gabat gelmäwersin, ol güýçli oýunçy» diýýärdiler. Elbetde, şol ýaryşda Mähri üçünji orna mynasyp boldy, ýöne ol hakykatdanam güýçli oýnaýar. Mähriniň alty ýaşly oglan jigisem küşt oýnaýardy, ýöne ol Mähriden has güýçli oýnamaga ukyby bolsa-da, kän yhlas etmedi. Mähriniň zehininiň üstüne işine yhlaslylygy örän ýokary.
Her bir işde zehiniň üstüni irginsiz zähmet bilen ýetirip durmasaň gowy netije gazanmak kyn bolýar» diýip mugallym şägirdiniň işjanlylygy hakynda aýratyn nygtady. «Türkmenistan» gazetiniň bir sanlarynda bu küştçi zenan bilen taýýarlanan söhbetdeşlikde Mähriniň özem: «…Kakam şol döwürler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymydy. Işden eli sypynsa, biziň bilen küşt oýnardy. Men köplenç ony utar ekenim. Bu oýna bolan ukybymy, yhlasymy nazarda tutup, ol günlerde bir gün meni paýtagtymyzyň küşt mekdebine Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewiň ýanyna getirdi. Şeýdip bu gadymy oýnuň inçe syrlaryny öwrenip başladym» diýip habarça gürrüň beripdir. Ynha, ýene bir gyzykly pursatdan parça. Bu maglumaty «Nesil» gazetiniň 1994-nji ýylyň 27-nji awgust sanynda küştçi lukman Öwezgeldi Hajyýewiň makalasyndan göçürip aldym: «…Küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň küşt-şaşka federasiýasynyň baş direktory Şöhrat Myratgulyýew:
— 1992-nji ýylda Filippinleriň Manila şäherinde dünýä olimpiadasy geçirildi. Şol olimpiada-da Yrak döwletiniň küşt federasiýasynyň Prezidenti Salmon Salmon ogly: «Muhammet as-Suly yrakly, ol Bagdatda ýaşapdyr. Onuň Bagdatda muzeýi hem bar. Biz Muhammet as-Sula uly hormat goýýarys. Eger-de wagt tapyp, Bagdada gelseňiz, as-Sulynyň muzeýini görkezeris we onuň küşt sungatyndaky döredijiligi bilen tanyşdyrarys» diýdi. Şol olimpiada gutaransoň, geçirilen kongresde Orsýediň küşt federasiýasynyň Wise-prezidenti Ýuriý Awerbah: «Muhammet as-Suly türkmendir, ol Türkmenistanyň häzirki territoriýasynda doglup, dürli sebäplere görä başga ýurtlarda ýaşapdyr. Men as-Sulynyň şu wagta çenli çözülmedik bir küşt meselesini çözdüm» diýdi — diýip gürrüň berdi». Bu maglumaty Şöhrat mugallym maňa-da gürrüň berdi, ýöne eýýäm metbugat sahypasynda bar bolsa, makalanyň awtorynyň ady aýdylsa gowy.

Şöhrat Myratgulyýew milli sporty wagyz etmekde, türkmen türgenlerini ýurdumyzyň içinde we daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara taýýarlamakda uly işleri bitirdi. Onuň işlän ýerleri barada iş ýerinden maglumat topladym. 1982-1993-nji ýyllarda küşt boýunça sport mekdebiniň direktory, 1993-nji ýyldan Asgabat şäher häkimliginiň medeniýet we sport dolandyryşlygynyň baş hünärmeni, 1995-nji ýyldan ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň hünärmeni, 1997-nji ýyldan 2000-nji ýyla çenli Asgabat säher häkimliginiň küşt boýunça sport mekdebiniň direktory bolup işledi. 1976-1982-nji yyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň bilim bölüm müdirliginiň Çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde küşt boyunça tälimçi bolup işledi. 1980-2000-nji yyllar aralygynda esasy işiniň daşyndan Türkmen telewideniyesinıň «Täzelikler» häzirki «Watan» habarlar programmasynyň sport gepleşiklerini alyp bardy. 1982-1993-nji yyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň küşt boyunça Çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň müdiri bolup işleýär. 1992-2012-nji yyllar aralygynda Türkmenistanyň Küşt we şaşka federasiýasynyň baş kätibi bolýar. 1995-1997-nji yyllar aralygynda Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň baş tälimçisi, 1997-2000-nji yyllarda Aşgabat şäheriniň küşt sport mekdebiniň müdiri, 2000-2003-nji yyllarda Türkmenistanyň Syyahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň usulyyet kabinetiniň müdiri, 2003-2004-nji yyllarda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Olimpiýa» sport toplumynyň başlygy, 2004-2005-nji yyllarda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasynyň merkezi geňeşiniň hünärmeni, 2005-2018-nji yyllarda Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň ýöriteleşdirilen «Küşt we şaşka» mekdebiniň müdiri, 2018-nji yylda Aşgabat şäheriniň sport we yaşlar syyasaty Baş müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlayyn yerine yetrijisi, 2018-2020-nji yyllarda Aşgabat şäheriniň Bagtyyarlyk etrap häkimliginiň «Bagtyyarlyk» sport toplumynyň bedenterbiye-sagaldyş işi boyunça hünärmeni wezipelerinde işleýär.

Şöhrat mugallym 2001-nji ýylda Beýik Britaniýanyñ London şäherinde geçirilen Bütindünýä intellektual oýunlarynyň Olimpiadasynda küşt oýny boýunça bürünç medaly gazandy. Ol 2005-nji ýylda surata düşürilen «Göreşmek-ýeňmek» atly sport baradaky filmiň awtory. 2021-nji ýylda surata düşürilen «Köňül küýsegim» hem-de «Akylly çözgüt» atly filmlerde surata düşdi.
OI ussat tälimçi hökmünde halkara grossmeýsterler Hanjar Ödäýew, Mesgen Amanow, Meýlis Annaberdiýew, Mähri Geldiýewa, Halkara ussat Kerim Aliýew, Bütindünýä küşt federasiýasynyň ussatlary Azat Sylabow, Artyk Öwezow, Annaberdi Esenow, Güljahan Atbaşyýewa, Maýsa Öwezowa, Göwher Joraýewa, Jemal Öwezdurdyýewa we başga-da birnäçe Türkmenistanyň sport ussatlaryny sport ussatlygyna dalaşgärleri we derejeli küştçüleri taýýarlady. Teleradio ýaýlymlarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň özeni bolan — sport we paýhas oýunlary küşt, onuň syrlary, tilsimleri hakynda, sportdaky üstünlikler barada yzygider çykyş edýär. Ol ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny berkitmekde milli däp-dessurlarymyzy ýaýmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde asylly görelde nusgasyny görkezip zähmet çekýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Gurlusyk we binagärlik ministrliginiň «Sport» klubynda tälimçi bolup işlemek bilen, ýurdumyzda ministrlikleriň, pudaklayyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda geçirilýän sport yaryşlarynda guramaçylyk işlerini alyp barýar.
Türkmenistanda yaş küştçülere tälim bermekde we Gurluşyk pudagynyň sport ulgamynda bitirýän hyzmatlary, çekýän yhlasly zähmeti bilen ol uly hormatdan paýly halypa. Onuň döwletli maşgalasynda iki ogul, bir gyz perzendi, on bir agtygy bar. Maşgalasy orta mekdepde ýaşlara bilim berýär. Şu makalamyzyň üsti bilen halypa mugallym Şöhrat Myratgulyýewe maşgala ojagynyň abatlygy bilen, jan saglykda ýeneki ýyllarda-da uly üstünlikler hemra bolmagyny arzuwlaýarys.
Akgül Saparowa.
