SIZDEN GELENLER

30-njy noýabr maglumatlary goramagyň halkara güni

XXI asyrda innowasion tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde olarda ýerleşdirilýän maglumatlary goramagyň zerurlygy ýüze çykdy. Kompýuterde ýerleşdirilýän her bir maglumatyň ýaýramagynyň ýa-da oňa dürli görnüşli wiruslaryň düşüp, ýitmeginiň öňüni almak zerurlygy has-da artdy.

Hut şu maksat esasynda maglumatlary goramak bilen bagly ýörite halkara güni hem döredilýär. 1988-nji ýylda Amerikanyň kompýuter enjamlary birleşigi tarapyndan 30-njy noýabr Maglumatlary goramagyň halkara güni hökmünde yglan edilýär. Bu gün her ýyl halkara derejesinde bellenilýär. Maglumatlaryň goraglylygy bilen bagly meselelere jemgyýetiň ünsüni çekmek maksady bilen döredilen halkara günüň ähmiýeti häzirki wagtda has ýokary.

Her ýyl Maglumatlary goramagyň halkara gününde kompýuter enjamlary birleşiginiň başlangyjy bilen dünýäniň iri işewürlik merkezlerinde hem-de kärhanalarda kompýuter howpsuzlygynyň meseleleri bilen bagly konferensiýalaryň, maslahatlaryň ençemesi geçirilýär. Şeýle hem her ýylda bu sene mynasybetli belli bir şygar  astynda önümler öndürilýär. Bu bolsa, halkara gününiň aýratyn tarapydyr.

Aýlar Atajykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

Hepdelik täleýnama (29-05-noýabr,dekabr)

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün