SPORT

3 ýyldan soňra dünýä çempionaty geçirilýär

Sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça dünýä çempionaty 3 ýyldan soňra geçirilýär. Şu gün gylyçlaşmak boýunça dünýä çempionaty Müsüriň paýtagty Kair şäherinde badalga alýar.

Dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar sebäpli 3 ýyl arakesmeden soňra dünýäniň iň güýçli gylyçlaşmak sporty boýunça türgenler medal gazanmak ugrunda bäsleşer.

Mälim bolşy ýaly, soňky gezek sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça dünýä çempionaty 2019-njy ýylda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilipdi.

Bu gezekki çempionatda türgenler ýekelikde we toparlaýyn bäsleşerler. Olar ýaryşda gylyç, şpaga we rapira ebaplary bilen bäsleşerler.

Bu abraýly ýaryşa Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijileriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň sammitine çagyryldy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi