SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

3 sany sanjym alan üçin koronawirus testi zerur däl

Ýaponiýa ýurda gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin ýene-de bir möhüm üýtgeşiklik girizdi. Şol düzgüne görä, Ýaponiýa barýan daşary ýurtly myhman koronawirus ýokanjyna garşy 3 sany sanjym alan bolsa, olardan soňky 72 sagadyň dowamynda koronawirus ýokanjy üçin test kepilnamasy talap edilmeýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida habar berdi.

– 3 sany sanjym alan üçin test kepilnamasy zerur däl – diýip, Fumio Kisida belläp geçdi. Ol täze düzgüniň 7-nji sentýabrda güýje girýändigini belledi. Kisidanyň bellemegine görä, ýurda gelmek üçin göz öňünde tutulýan beýleki ýeňillikler degişli ministrlikler tarapyndna ýakyn wagtda yglan ediler.

Mundan başga-da, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida ýakyn wagtda ýurda gündelik gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanyny artdyrmak boýunça hem degişli çözgüdiň kabul ediljekdigini mälim etdi.

Häzirki wagtda Ýaponiýa her gün 20 müň daşary ýurtly kabul edýär. Täze çözgüt bilen bu görkeziji 50 müňe ýetiriler.

Hereket edýän düzgünlere laýyklykda, Ýaponiýa girilende  ykrar edilýän sanjym sertifikatlarynyň hatarynda “Pfizer”, “Moderna”, “AstraZeneca“, “Janssen”, “Bharat Biotech” we “Novavax” ýaly kompaniýalaryň sanjymlary bardyr.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär