JEMGYÝET

3 müň orunlyk binanyň düýbi tutuldy

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda ýerleşip, onuň bilen bir bitewi toplumy emele getirjek 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenen desganyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy.

Körpe nesiller döwlet Baştutanymyzdan täze gurluşyga ak pata bermegini we ýörite gutuda ýerleşdiriljek ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş etdiler. Asylly däbe görä, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalarynyň astynda milli Liderimiz hormatly ýaşulular bilen täze desganyň binýadyna ilkinji betony guýup, gurluşyga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar babatda gürrüňdeş bolup, olaryň okuwlary bilen gyzyklandy. Körpeler jogap hökmünde Arkadag Prezidentimize ýaş nesil baradaky hemmetaraplaýyn atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz çagalar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ministrler Kabinetiniň 20-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bu desganyň taslamasyny taýýarlarlar we gurarlar. Köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenilen binada häzirki zaman ugurdaş enjamlarynyň oturdylmagy bilen, ähli zerur şertler üpjün ediler. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyrylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasyna bardy. Mälim bolşy ýaly, bu desga 2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda açyldy. Şol gün Mary şäherine “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty — 2015” derejesiniň berilmeginiň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Binanyň özboluşly bezeginde milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň binagärlik we bezeg ulgamynda ýeten derejesi özboluşly utgaşýar. Onuň içki we daşky bezeg aýratynlyklary halkymyzyň abadançylygynyň, myhmansöýerliginiň nyşany bolan Türkmeniň ak öýüne mahsus ýörelgeler bilen utgaşýar. Şeýle hem ak öýüň binagärlik aýratynlygy halkymyzyň özboluşly, baý taryhy-medeni mirasyny özünde jemleýär.

 

24-nji awgustdaky howa maglumaty

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri