JEMGYÝET

Azerbaýjanly türgenler Aşgabatdaky halkara ýaryşda 3 medal gazandy

Paýtagtymyz Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirildi. Dünýäniň ençeme ýurdundan türgenleriň gatnaşan bu halkara ýaryşynda Azerbaýjanyň türgenleri 3 medal gazandy. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Aşgabatdaky halkara ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Azerbaýjanyň türgenleri ýaryşyň “A” kategoriýasynda bäsleşip, bir kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.

Azerbaýjanly türgenlerden Ariz Hüseýnow 68 kg agramda üçünji bolup, bürünç medalyň eýesi boldy. Şeýle hem ol 70kg agramda-da çykyş edip, bu gezek 2-nji orny eýeledi.

Alyş göreşi boýunça Fidan Höseýnowa 60 kg agramda çykyş edip, bürünç medal gazandy.

Aşgabatdaky ýaryşa 14 döwletden 170-dan gowrak türgeniň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri