Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen adyň dakylmagy döwlet Baştutanymyzyň «Günüň dogýan ýurduna» saparynyň iň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şu gün «Imperial Tokyo» myhmanhanasynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçirilen duşuşykda ol Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu akademiki derejäniň degişli diplomyny gowşurdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini, şunda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli resminamalar hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny geljekde has-da berkitmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra jenap Kýosuke Nagata hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen adyň diplomyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu sylagyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da, bilim ugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini beýan edýändigini aýdyp, şeýle ada eýe bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunda Gahryman Arkadagymyza hem Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen alymlyk derejesiniň berlendigini nygtamak gerek. Milli Liderimize bu akademiki derejäni tassyklaýan degişli diplom 2015-nji ýylyň martynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä sammitine gatnaşmak maksady bilen Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gowşurylypdy.