Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)
Günüň başlangyjy sabyrlylygy talap edýär. Hamallaryň wezipeleri çalt çözmäge bolan islegine garamazdan, wakalar haýal depginde öser. Uly göwrümli taslamalara girişmezden ozal, kiçi işlerden başlamak maslahat berilýär. Ähli möhüm gepleşikleri, şol sanda maliýe we şahsy meseleleri günüň ikinji ýarymyna goýmak bähbitlidir. Günüň ahyry garaşylmadyk sowgatlar we hoş habarlar bilen begendirer.
Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar üçin örän täsirli we şowly gün. Täze başlangyçlar üçin amatly pursat gelip ýetdi. Siziň batyrgaý ädimleriňiz töwerekdäkiler tarapyndan goldaw tapar. Tejribeli garyndaşlaryň maslahaty geljeki meýilnamalary düzmekde uly kömek eder. Şertnamalara gol çekmek we resminamalary resmileşdirmek üçin amatly gün. Agşam dost-ýarlaryňyzyň bilen dynç almak üçin gowy wagtdyr.
Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)
Ätiýaçlylyk we ünsli bolmak günüň esasy şertidir. Ätiýaçsyz ädimler ýalňyşlyga eltip biler, şonuň üçin täze tanyşlara doly ynanmakdan saklanyň. Günortadan soň ýagdaý gowulaşar: täze gyzykly tanyşlyklar we ýakymly duşuşyklar garaşýar. Agşam maşgala agzalaryňyz bilen geçirmek we bilelikdäki meýilnamalary maslahatlaşmak maslahat berilýär.
Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)
Dartgynly we durnuksyz gün. Seretanlar bolup geçýän wakalara aşa duýgur çemeleşip bilerler. Şeýle ýagdaýda ýeke galyp, pikirleriňizi jemlemek peýdalydyr. Maliýe meselelerinde seresaplylyk görkeziň.Karz almagy ýa-da zerur däl zatlary satyn almagy goýbolsun etmek bähbitlidir.
Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)
Pikirdeşleri tapmak we gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp gün. Öň düşünişmezlik dörän adamlaryňyz bilen dil tapyşmak aňsat bolar. Maliýe taýdan şowly gün: girdejiler we peýdaly söwdalar garaşýar. Syýahata çykmak isleýän Esetler üçin ýol şowly bolar, aýratyn-da ýakyn ynsanyňyz bilen guralan gezelenç ýatdan çykmaz ýatlamalary galdyrar.
Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)
Işjeňligiň we zähmetsöýerligiň synalýan güni. Edilmeli işleriň köpdigine garamazdan, Sünbüleler her bir meseläniň hötdesinden gelmegi başararlar. Siziň tagallalaryňyz diňe bir maddy däl, eýsem abraý görnüşinde hem miwesini berer. Şahsy durmuşyňyzda täze sahypanyň açylmagy ýa-da bar bolan gatnaşyklaryň täze derejä göterilmegi mümkin.
Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)
Esasy maksatlara ünsi jemlemek günüň üstünliginiň açarydyr. Ownuk işlere başagaý bolman, möhüm meseleleri birinji orna goýuň. Günüň ikinji ýarymy täze teklipler we gepleşikler üçin amatlydyr. Şahsy durmuşda ýakymly garaşylmadyk sowgatlar bolmagy ähtimal. Söýgi duşuşyklary we täze tanyşlyklar geljegi uly gatnaşyklara öwrülip biler.
Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)
Täze pikirleriňizi durmuşa geçirmezden ozal, olary ýene bir gezek seljeriň. Günüň ilkinji ýarymynda nätanyş adamlaryň täsirinden daşlaşyp diňe iň ýakynlaryňyza ynanmak maslahat berilýär. Emma agşam ýagdaý doly üýtgäp, ruhy goldaw we ýakymly duşuşyklar garaşýar. Maliýe ýa-da öý meseleleri ýüze çyksa-da, günortan ähli zat öz ýerine düşer.
Kowus (Keman 23.11 — 21.12)
Kowuslar üçin bu gün dostlukly goldawyň ähmiýeti uly bolar. Kynçylyklar ýüze çykan ýagdaýynda ýaranlaryňyz kömege geler. Resminamalar bilen bagly işlerde we saparlarda käbir bökdençlikler bolup biler, emma olar umumy keýpiňize täsir etmez. Agşam köpden bäri görmedik adamlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatly wagtdyr. Ýaş Kowuslar pul meselelerinde has ünsli bolmalydyrlar.
Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)
Öz ukybyňyza we duýgurlygyňyza ynanmagyň wagty geldi. Başgalaryň maslahatyndan görä, öz pikiriňize eýermek has netijeli bolar. Günüň ikinji ýarymy täze zatlary öwrenmek we maglumat toplamak üçin örän amatlydyr. Möhüm gepleşikleri günüň ortalarynda geçirmek bähbitlidir. Agşam dynç almak we güýç toplamaga sarp ediň.
Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)
Bu güniňizi maşgala we öý işlerine bagyşlamak üçin şowly gün. Ýakynlaryňyza berjek kömegiňiz we maslahatyňyz uly ähmiýete eýe bolar. Täze taslamalara başlamak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly pursat. Günüň ikinji ýarymynda maliýe meseleleri üstünlikli çözüler, girdejili söwdalary amala aşyrmak mümkindir.
Hut (Balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar üçin köpden bäri meýilleşdirilen maksatlary amala aşyrmak pursady geldi. Siziň özüňize çekijiligiňiz täze dostlary we ygtybarly hyzmatdaşlary tapmaga kömek eder. Maliýe taýdan peýdaly gün: garaşylmadyk girdejiler we şowly satyn almalar mümkin. Syýahatlar we işjeň dynç alyş sizi täze üstünliklere ruhlandyrar. Şahsy gatnaşyklarda hem ýakymly üýtgeşmeler garaşýar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
