BIZNES

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýolagçylara edilýän hyzmatlary ýokarlandyrmak babatda möhüm resminama gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Başutanynyň gol çeken resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Yutong Bus Company” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew habar berdi. Bu döwrebap awtobuslary ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli şu ýyl ýurdumyza getirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy