JEMGYÝET

Yslam ösüş banky bilen Türkmenistan möhüm ylalaşyga gol çekişdi

Yslam ösüş banky bilen Türkmenistanyň arasynda onkologiýa kesellerini bejermäge ýöriteleşen 3 sany döwrebap hassahananyň gurluşygy üçin 156.3 milion dollar möçberinde maliýe serişdelerini gönükdrimek babatda taryhy ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Yslam ösüş bankynyň resmi saýtynda habar berilýar.

Bu ylalaşyga Waşingtonda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady aragatnaşyklar bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow bilen Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser gol çekdi.

Taslamanyň umumy bahasy 259 million dollar deňdir. Taslamanyň çäklerinde Balkanabatda, Türkmenabatda we Mary welalatynda 11750 hassa onkologiýa keselleri üçin öňdebaryjy hyzmatlar berjek döwrebap hassahanalar gurlar. Bu möhüm taslamalaryň maliýeleşdirilmegi üçin möhüm bolan ylalaşyk ABŞ-nyň Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň we Halkara Pul gazanasynyň ýyllyk mejlisleriniň çäklerinde gazanyldy.

Duşuşygyň barşynda “Yslam Ösüş bankyna agza döwletleriň 2024-02027-nji ýyllar üçin Strategik hyzmatdaşlygy” resminamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlaryna seredildi.

Şeýle hem ýaşyl energetika we infrastruktura taslamalaryna tehniki kömek maksatnamasy, şeýle hem hususy pudak bilen hyzmatdaşlyk babatda pikir alşyldy.

Yslam Ösüş banky Türkmenistanda dürli pudaklarda, hususan-da energetika, saglygy goraýyş, ulag we söwda toplumlarynda köp sanly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goldaw berdi. Bu maliýe edarasy ýurduň ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň iri taslamalary goldady. Olaryň hatarynda Bereket-Etrek demirýoly, TOPH gaz geçirijisi we telekommunikasiýa toruny döwrebaplaşdyrmak taslamalary bar.

2024-nji ýylyň iýunda Yslam Ösüş bankynyň ýerine ýetirijiler direktorlarynyň geňeşinde Türkmenistandaky onkologiýa hassahanalarynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek taslamasy tassyklanypdy.

Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser 2024-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda saparda bolup, netijeli gepleşikler geçiripdi.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi