JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň gurluşygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylmagynyň özleri üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi hem-de Milli Liderimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň açylmagy bilen gutlady.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalar bilen özara gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyna üns çekildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere, innowasion tehnologiýalara we ykdysady taýdan netijeli çözgütlere uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň Türkmenistandaky taslamalarda mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary işjeň ulanjakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanda iş saparynda bolar

Türkiýäniň Mejlisiniň başlygy Türkmenistana gelýär

Türkmenistanda saglygy goraýşyň täze merkezleri açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk

Saglyk, bilim we sport ulgamynda halkara sergi geçirilýär

Prezident Ärdogan «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy