SPORT

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralýan ýurdumyzyň futbol boýunça Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, bu duşuşykda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň hem-de Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi bolan “Arkadag” topary bilen geçen möwsüm Kubok bäsleşiginiň finalynda çykyş eden “Ahal” toparlary duşuşarlar.

Aşgabat şäherindäki “Nusaý” stadionynda 25-nji sentýabrda geçiriljek bu duşuşyk 16:00-da başlanar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralýan Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşygyň 2005-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýändigini ýatladýarys.

 

Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk:

25.09.2025 ý. (penşenbe)

 “Arkadag” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: Ahmet Begnazarow (Mary ş.) 

Kömekçi eminler: Aýmyrat Weliýew (Änew ş.), Hemra Amanmämmedow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Hanmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Kakabaý Seýdow (Aşgabat ş.)

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri