DÜNÝÄ

24 metrlik Täze ýyl arçasy Nýu-Ýorka getirildi

Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa gullugy özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundan Nýu-Ýork şäherinde baş Täze ýyl arçasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Nýu-Ýork şäheriniň meşhur Rokfeller merkezinde her ýyl Täze ýyl arçasy bezelýär. Ony bilmeýän ýok bolsa gerek. Sebäbi Rokfeller meýdanyndaky Täze ýyl açasy Golliwudyň köp sanly filmlerde görkezildi.

Bu barada türkmen kino muşdaklary “Ýeke özi öýde” filminden hem ýatlap bilerler. Bu filmiň 2-nji böleginde Kewin atly oglanjyk käbir başdan geçirmeleri Rokfeller merkeziniň golaýynda geçýär.

Bu meýdança oturdylýan Täze arçasy 85 ýyllyk agaç bolup, onuň agramy 12 tonna barabardy. 90 ýyllyk taryhynda bu agajy ilkinji gezek Merilend ştatyndan getirildi.

Bu arça agajyny getirmek üçin 35 metr uzynlygynda ulaga zerurlyk boldy. Ol ýük ulagy bilen getirilen arça agajyna örän uly ähmiýet berilýär. Şonuň üçin ýük ulagynyň golaýynda birnäçe ýörite tehnikalar we polisiýa ulagy hem boldy. Nýu-Jersi we Merilend ştatlaryndan ýörite rugsatnamalar alyndy.

Bu Täze ýyl arçasy elektrik togy bolan bezeg çyralary bilen bezeler. 50 müň çyrasy bolar. Onuň çür depesine 400 kilogramlyk ýyldyzjyk ýerleşdiriler. 1-nji dekabrda Täze ýyl arçasynyň çyralary ýakylar we ol 16-njy ýanwara çenli durar.

Bu meýdança ilkinji gezek Täze ýyl arçasy 1931-nji ýylda oturdyldy. Şonda 6 metrlik Täze ýyl arasy oturdylyp, ol kagyzdan ýasalan bezegler we tokaý ir-iýmişleri bilen bezelipdi. 1933-nji ýyldan başlap, Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirilip başlandy. Şondna bäri elektrikli bezeg çyralary ulanylýar. 1997-nji ýyldan bäri, Täze ýyl arçasynyň çyralaryny ýakmak dabarasy göni ýaýlymda alnyp berilýär.

 

Milli Liderimiz egindeşleri bilen kiçi futbol oýnady

Ýene-de okaň

BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Awaza geldi

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Awaza geldi

Ata Watan Eserleri

Malawi Respublikasynyň wekiliýetiniň toparlary Awaza gelip başlady

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler