SPORT

23 ýyldan soňra “Superboulda” çempion boldy

13-nji fewraldan 14-nji fewrala geçen gije “Superboul-2022” ýaryşynyň ýeňijisi mälim boldy. Bu duşuşykda “Sinsinnati” bilen “Los-Anželes Rems” toparlary duşuşdy.

“Los-Anželes” topary duşuşykda 23:20 hasabynda ýeňiş gazanyp, 23 ýyldan soňra “Superboul” ýaryşynda ýeňiji bolmagy başardy. Topar mundan ozal, 1999-njy ýylda “Superboul” ýaryşynda ýeňiji bolupdy.

“Sinsinnati” topary bolsa, 3-nji gezke final duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

Bu “Superboul” ýaryşy 2 ýyl mundan ozalky derejesinde geçirildi. Stadiondaky duşuşygy tomaşa etmek üçin iň köp möçberde janköýer gatnaşdyryldy. Ozalky final duşuşyklary koronawirus ýokanjy sebäpli çäklendirilipdi.

“Los-Anželes Rems” toparynyň baş tälimçisi Şon Makweý “Superboul” ýaryşynda ýeňiji bolan toparyň iň ýaş tälimçisi hökmünde taryha girdi.

28 ýaşyndaky “Los-Anželes Rems” toparynyň oýunçysy Kuper Kupp duşuşygyň “Iň gymmatly türgeni” hasaplandy.

ABŞ-nyň NBC teleýaýlymynyň göni ýaýlymynda görkezilen oýnuň arakesmesinde Eminem, Dre, Snoop Dogg, 50 Cent, Mary J. Blige, Kendrick Lamar, Sean Forbes и Warren Snipe ýaly sungat ussatlary çykyş etdiler.

 

“Çelsi” – ähli kuboklary gazanan 5-nji topar

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi