SIZDEN GELENLER

23-nji aprel  halkara inlis dili güni

Iňlis dili Birleşen Milletler Guramasynyň  6 sany resmi diliniň biridir.  Halkara iňlis dili güni BMG tarapyndan 2010-njy ýylda ilkinji gezek bellenildi.  Iňlis dili halkara güni her ýylyň aprel aýynyň 23-ne bellenilýär. Emma bu tötänleýin waka däldir.  Biziň bilşimiz ýaly, 23-nji aprel – beýik iňlis şahyry, ýazyjysy, dünýäniň meşhur dramaturgy, iňlis diliniň ösüşine özüniň ägirt uly goşandyny goşan Wilýam Şekspiriň doglan güni hökmünde taryha  ýazylan senedir. W. Şekspiriň galamynyň ujundan 5 poema, 11 tragediýa , 17 komediýa we 154 sonetler çemeni döräpdir. Onuň meşhur dünýä belli eserleriniň arasynda “Romeo we Julietta”,   “Otello”,  “Gamlet”, “Korol Lir”  ýaly eserleri halk köpçüligi tarapyndan has hem söýlüp okalýar we sahnalaşdyrylýar. Mundan başga-da, meşhur ýazyjy iňlis diliniň leksikasynda häzirki wagta çenli ulanylyşda bolan 1000 sany täze iňlis sözlerini girizýär.

                                                                                          Humaý Berdinyýazowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.  

“Merkezi Aziýa-Russiýa” daÅŸary iÅŸler ministrleriniň duÅŸuÅŸygy geçirildi

 

Ýene-de okaň

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy