Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün işleriňizi tertipleşdirmek we öňden bäri yza süýşürilen meseleleri çözmek üçin amatly pursatdyr. Ýyldyzlar size paýhasly we sabyrly bolmagy maslahat berýär.Işde jogapkärçiligiňiz artar we ýolbaşçylaryňyz tarapyndan ynam gazanyp bilersiňiz. Maliýe meselelerinde seresaply bolmak maslahat berilýär. Şahsy durmuşda ýakynlaryňyz bilen aç-açan gürrüňdeşlik gatnaşyklaryňyzy has-da berkitmäge kömek eder.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün döredijilikli pikirleriňiz bilen tapawutlanarsyňyz. Täze başlangyçlar üçin amatly gün bolup, işewür duşuşyklardan oňat netijä garaşylýar. Maliýe taýdan durnuklylyk saklanar, emma gereksiz çykdajylardan saklanmak zerurdyr. Maşgala gatnaşyklarynda düşünişmek we birek-birege goldaw bermek esasy orun tutar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Aragatnaşyk we maglumat alyşmak siziň üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar. Täze tanyşlyklar peýdaly bolup biler. Iş babatda täze teklipler ýa-da gyzykly taslamalar ýüze çykmagy ähtimal. Saglygyňyza üns berip, dynç almaga wagt tapmagyňyz möhümdir. Şahsy durmuşda duýgularyňyzy doly beýan etmekden çekinmäň.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün duýgular has güýçli bolup biler. Öň kabul eden kararlaryňyzy täzeden seljermek zerurlygy dörär. Iş ýerinde asudalyk saklamak we kynçylyklardan gaça durmak maslahat berilýär. Maliýe ýagdaýyňyz durnukly bolar emma uly maýa goýumlaryny soňa goýmak has ýerliklidir. Ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek ruhy rahatlygyňyzy artdyrar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Üstünlik we tanalma siziň ýanyňyzda bolar. Işde ýolbaşçylyk ukyplaryňyz açylyp, möhüm meseleleri çözmäge mümkinçilik alarsyňyz. Maliýe taýdan girdeji gazanmak ähtimallygy bar. Şahsy durmuşda bolsa sabyrlylyk we düşünişmek zerurdyr. Özüňize bolan ynamyňyz başgalara hem oňyn täsir eder.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu gün tertip-düzgün we takyklyk esasy orunda bolar. Işleriňizi meýilnama boýunça alyp barmak üstünlik getirir. Iş ýerinde täze jogapkärçilikler ýüze çykmagy mümkin. Maliýe meselelerinde tygşytly bolmak maslahat berilýär.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün deňagramlylyk we adalatlylyk siziň esasy ýörelgäňiz bolar. Işde hyzmatdaşlyk etmek we bilelikde karar kabul etmek oňat netije berer. Maliýe taýdan kiçi girdejiler mümkündir. Şahsy gatnaşyklarda düşünişmezliklerden gaça durmak üçin sabyrly boluň.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Içki güýjüňiz we maksada okgunlylygyňyz artar. Bu gün möhüm kararlar kabul etmek üçin amatly bolup biler. Işde üstünlik gazanmak ähtimallygy ýokarydyr. Maliýe taýdan ýagdaý durnukly. Şahsy durmuşda bolsa duýgularyňyzy dolandyrmak we artykmaç duýgurlykdan saklanmak zerurdyr.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Täze mümkinçilikler we syýahat bilen baglanyşykly pikirler ýüze çykyp biler. Işde täze ugurlar açylar. Maliýe taýdan garaşylmadyk çykdajylar bolup biler, şonuň üçin seresap boluň. Şahsy durmuşda aç-açanlyk we ynam gatnaşyklary berkitmäge kömek eder.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün jogapkärçilikli işler we uzak möhletli meýilnamalar üçin amatlydyr. Zähmetiňiziň netijesi görnüp başlar. Iş ýerinde abraýyňyz artyp, ýolbaşçylaryň goldawyny duýarsyňyz. Maliýe taýdan durnuklylyk saklanar. Maşgala içinde asudalyk höküm sürer.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Täze pikirler we döredijilikli çemeleşmeler üstünlik getirir. Işde adaty däl çözgütler bilen tapawutlanarsyňyz. Maliýe taýdan ýagdaýy berk gözegçilikde saklamak zerurdyr. Şahsy durmuşda dostlaryňyz bilen gatnaşyklar has-da berker.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün duýgurlyk we içki dünýäňiz esasy orunda bolar. Işde asuda ýagdaý saklanar, emma ownuk meseleler ünsüňizi talap eder. Maliýe taýdan tygşytly bolmak maslahat berilýär. Şahsy durmuşda romantik pursatlar mümkin.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
