DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Nýu-Ýorkdaky duşuşyklary

Şu günler Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda saparda bolýar. Şol saparyň çäklerinde ilkinji duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen – BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi aziýa we Amerika boýunça kömekçisi, Baş sekretaryň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Miroslaw Ýença bilen duşuşdy.

Hanym Natalýa German bilen geçirilen duşuşykda ministriň orunbasary Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşde we sebitdäki durnuklylygy ýokarlandyrmakda edýän tagallalary barada aýdyp, ýurduň transmilli meseleleri çözmek üçin Birleşen Milletler Guramasy we hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

BMG-niň ýokary derejeli wekili Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyga we howpsuzlyga ygrarlydygyna ýokary baha berdi.

Miroslaw Ýença bilen geçirilen duşuşykda bolsa, Merkezi Aziýada we dünýä derejesinde öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini berkitmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda Türkmenistan bilen BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada interwýu berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy