Hamal (Guzy 21.03 – 20.04)
Günüň başlangyjy garaşylmadyk wakalary getirip biler. Meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli boljak habarlaryň ýa-da ýüz öwürip bilmejek teklipleriňiziň gelmegi ähtimal. Käbir duşuşyklary yza süýşirmeli bolar, ýöne siz muňa gaty bir gynanmarsyňyz. Güniň ortalarynda köne tanyşlar bilen duşuşmak, meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, bilelikde durmuşa geçirjek meýilnamalaryňyz we ideýalaryňyz barada gürleşmek üçin amatly gün bolar. Bu ýerde çynlakaý agzalalyklardan gorkmasaňyz hem bolar, gaýtam: aragatnaşyk ýakymly we netijeli bolar, göwnüňizi göterip, ylham berer.Güniň ikinji ýarymynda söýgüli adamyňyz bilen gatnaşyklarda gowulyga tarap düýpli üýtgeşmeleriň bolmagy ähtimal. Eger öň bir zatlar barada ýygy-ýygydan jedel edýän bolsaňyz, şu gün ylalaşmaga mümkinçilik bolar. Romantik garaşylmadyk sowgatlar, üns berilmegiň alamatlary bolup biler we bular sizi begendirer.
Sowur (Öküzçe 21.04 – 20.05)
Eger öňüňizde real maksatlary goýsaňyz we mümkin bolmadyk zatlara ýetjek bolmasaňyz, gün gowy geçer. Işewürlik  üçin bu gün  gaty bir amatly gün däl: uly üstünliklere ýetmek kyn bolar. Ýöne bu gün dynç almak, gündelik aladalardan daşlaşmak we adaty zatlara başgaça seretmek üçin örän amatlydyr.Şeýle hem syýahatlar şowly bolar. Esasanam ýakynlaryňyz bilen ýola çykan bolsaňyz, olar size ýatdan çykmajak pursatlary sowgat eder. Ýolda ýakymly tanyşlyklaryň bolmagy mümkin. Käbir Sowurlar soňky döwürde küýsän adamlary bilen tötänleýin duşuşarlar.Güniň ikinji ýarymynda uly söwdalary etmäge howlukmaň. Şu gün köp Sowurlar öz maliýe mümkinçiliklerine aşa ýokary baha bermäge meýillidirler. Bir zady kredit (karz) almazdan ozal, ony yzyna gaýtarmakda kynçylyk çekmejekdigiňize göz ýetiriň, öz serişdeleriňiz bilen oňup bolmazmyka diýip oýlanyň. Şeýle hem, islendik resminama gol çekmezden ozal, ony örän dykgat bilen öwrenmek möhümdir.
Jöwza (Ekizekler 21.05 – 21.06)
Günüň başlangyjynda uly üstünliklere ýetmek müňkin däl. Käbir Jöwzalar özgeleriň meselelerini çözmek üçin öz meýilnamalaryny yza süýşirmeli bolarlar. Diňe öz güýjüňize bil baglamaly: eger kimdir biri kömege gelse-de, bu biraz soňrak bolar.Aragatnaşyk nukdaýnazaryndan günüň birinji ýarymy gaty bir şowly bolmaz. Bu wagtda köne öýke-kineler ýada düşüp, öňki dawa-jenjeller ýitileşip biler.Güniň ikinji ýarymynda eger möhüm wezipeler ýüze çyksa siz hökman olary çözmegiň ýoluny taparsyňyz. Daş-töwerekdäkiler bilen gatnaşyklarda gowulyga tarap üýtgeşmeler bolar. Siziň dogry düşünilýändigiňizi we has höwes bilen goldanylýandygyňyzy duýarsyňyz. Agşam hem romantik duşuşyk, hem dostlar bilen görüşmek üçin amatlydyr.
Seretan (Leňňeçler 22.06 – 22.07)
Öý işleri bilen meşgullanmak gowudyr: olar aňsat bolar. Ýakynlaryňyz, eger näme etmelidigini düşündirseňiz, size höwes bilen kömek ederler. Çylşyrymly maliýe meseleleri siziň peýdaňyza çözülip biler, pul gelmegi we peýdaly şertnamalar bolmagy mümkin. Bu gün öý üçin peýdaly zatlary, meselem, ýakynlaryňyz bilen bilelikde ulanjak hojalyk tehnikalaryňyzy satyn almak gowudyr.Güniň ikinji ýarymynda siz çynlakaý we ünsli bolarsyňyz, hiç bir zady gözden salmarsyňyz.Şahsy gatnaşyklarda gowulyga tarap üýtgeşmeler ähtimal. Ýyldyzlar esasanam söýýän Seretanlara hemaýat eder: olara diňe ýakymly sowgatlar garaşýar. Ýöne beýleki ýakyn adamlar bilen hem düşünişmek aňsat bolar. Agşam maşgala baýramçylygy ýa-da iň ýakyn dostlar üçin meýilleşdirilmedik oturyşyk guramak üçin amatlydyr.
Eset (Ýolbars 23.07 – 23.08)
Günüň birinji ýarymyny iň möhüm işlere sarp etmek gerek: ähtimal, siz olaryň hötdesinden gelersiňiz. Kimdir biriniň kömegi gerek bolmaz, ýöne köne dostlaryňyz kömek hödürlese, ýüz öwürmäň. Olaryň goldawy bilen siz has çalt üstünlige ýetersiňiz.Güniň ikinji ýarymynda gyzgalaňly jedellerden gaça durmak maslahat berilýär. Hatda käbir agzalalyklar ýüze çyksa-da, özüňizi rahat we konstruktiw alyp barmaga çalşyň. Emosiýalaryňyza erk etmek möhümdir, esasanam göwnüne degmek islemeýän duýgur we näzik adamlar bilen iş salyşanyňyzda.Soňrak aragatnaşyk üçin has amatly wagt geler. Öňki tanyşlaryňyzyň özüni ýatlatmagy, köne kärdeşleriňiziň gürleşmek islemegi we gyzykly bir zatlar hödürlemegi mümkin. Bu döwür öýkeleşen bolsaňyz ýaraşmak we haçandyr bir wagt gadyr goýan gatnaşyklaryňyzy dikeltmek üçin hem amatlydyr.Maliýe meselelerinde esassyz töwekgelçilikden gaça duruň. Söwda etmekde we geleşiklerde howlukmazlyk, kredit almazlyk maslahat berilýär.
Sünbüle (Gyz 24.08 – 23.09)
Günüň birinji ýarymyna gaty möhüm we çylşyrymly zatlary meýilleşdirmeseňiz gerek. Bu erbet wagt däl, ýöne aňsat hem däl. Köp Sünbüleler ünsüni jemlemegiň adatdakysyndan kynyrakdygyny duýarlar.şeýle hem möhüm resminamalary, resmi hatlary taýýarlamak maslahat berilmeýär. Wagt geçdigiçe oňyn meýilleriň täsiri güýçlener. Ýyldyzlaryň goldawyny ilki bilen günüň ikinji ýarymynda möhüm işlere başlaýan Sünbüleler duýarlar. Şeýle adamlar çaltlyk bilen ilkinji üstünliklerine ýeterler we nirede hereket etmelidigine düşünerler. Kömekçileri tapmak aňsat bolar. Hatda hiç hili garaşmadyk adamlaryňyz hem goldaw hödürlärler.
Ýakymly tanyşlyklar we duşuşyklar ähtimal, olaryň biri täze bir romantik hekaýanyň başlangyjy bolup biler.
Mizan (Terezi 24.09 – 23.10)
Möhüm işleri yza süýşirmäň: olar üçin günüň birinji ýarymy amatlydyr. Köp Mizanlaryň öň başarmadyk işleriniň hötdesinden gelmäge ýa-da möhüm we çylşyrymly meseläni çözmäge mümkinçiligi bolar. Köne tanyşlaryňyz size höwes bilen kömek ederler, ýöne ýaňy-ýakynda tanyşan adamlaryňyz hem kömek sorasaňyz ýüz öwürmezler. Bu wagt aragatnaşyk üçin hem amatly bolar. Dostlukly ýa-da romantik gatnaşyklaryň başlamagy mümkin. Siziň özüne çekijiligiňiz köp adama täsir eder. Hatda öň size sowuk we seresaply garanlar hem size tarap ädim äderler.Günüň ikinji ýarymy maşgala işleri we hojalyk meselelerini çözmek üçin amatlydyr.
Akrap (Içýan 24.10 – 22.11)
Hyýallara we fantaziýalara aşa berilmezlige çalşyň. Bu gün zatlara real seretmek, öz güýjüňize obýektiw baha bermek we wagtlaýyn islegleriň yzyna düşmezlik örän möhümdir. Irden öň başlanan işleriňizi  tamamlamaga üns beriň. Täze bir zada başlamak üçin amatly wagt biraz soňrak geler.
Eger kömek gerek bolsa, ýakynlaryňyza  ýüz tutmaly. Ýaňy-ýakynda tanyşan adamlaryňyz garaşyşyňyz ýaly bolmazlygy mümkin.Güniň ikinji ýarymy  döredijilik işleri üçin gün amatly bolar. Käbir Akraplar özlerinde öň hiç hili habarsyz bolan zehinlerini açarlar. Ajaýyp ideýalar peýda bolup biler. Olary durmuşa geçirmek üçin amatly wagt indiki hepde geler.Agşam maşgala çäreleri, garyndaşlar bilen gürleşmek we dostlar bilen duşuşmak üçin amatlydyr. Romantik duşuşyk garaşyşyňyzdan biraz üýtgäp biler.
Kowus (Keman 23.11 – 21.12)
Siz wagtyňyzy boş sarp etmersiňiz we köp peýdaly işleri etmäge ýetişersiňiz. Kowuslary çylşyrymly wezipelerden gorkuzmaz, olar başgalaryň başarmadyk işlerine höwes bilen girişerler. Öň alnan tejribäňizň peýdasy degmegi ähtimal. Onuň saýasynda siz ýalňyşlyk goýbermersiňiz, möhüm jikme-jikliklere wagtynda üns berersiňiz we üýşen kiçijik kynçylyklary çözersiňiz.Ýeke özi däl-de, pikirdeşler toparyny jemläp hereket etmegi saýlaýan Kowuslar has netijeli işlärler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň liderlik häsiýetleri has aýdyň ýüze çykar we köpler olaryň yzyna düşmäge taýyn bolar. Şeýle hem, sizi tanamaýan täze tanyşlaryňyzy hem öz höwesiňiz bilen gyzyklandyrmagy başararsyňyz.Güniň ikinji ýarymynda peýdaly tanyşlyklar ähtimal.
Jedi (Owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün täze bir işe başlamak üçin amatly bolar. Siz gaty howlukmarsyňyz, ilki bilen hemme zady oýlanarsyňyz we ölçerip-dökerersiňiz. Şeýle çemeleşme gowşak ýalňyşlyklardan we esassyz töwekgelçilikden gaça durmaga, hatda çylşyrymly we düşnüksiz ýagdaýlary çözmäge mümkinçilik berer. Güniň ikinji ýarymynda  döredijilik we fantaziýa, oýlap tapyjylyk talap edýän islendik iş üçin has amatlydyr. Ajaýyp ideýalar peýda bolup biler, olary indiki hepde durmuşa geçirip bilersiňiz.Dostlar we söýgüli adamyňyz bilen duşuşyklar sizi begendirer we olaryň arasynda wagtyňyzy hoş geçirlersiňiz.
Daluw (Gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün maliýe meselelerini çözmek üçin amatlydyr. Pula degişli ähli zatda öz duýgurlygyňyza  bil baglap bilersiňiz: onuň maslahatlaryna eýerip, biderek çykdaýjylardan gaça durup we gaty bähbitli geleşikleri baglaşyp bilersiňiz. Pul gelmegi mümkin, käbir Daluwlara köne bergi-borçlaryny gaýtarylyp berler.
Günüň birinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen bolup biljek düşünişmezlikler ýagdaýy biraz kynlaşdyryp biler. Öň jedellere sebäp bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy yza süýşürmek gowudyr, çynlakaý gürrüňleri hem bu wagtda etmeseňiz bolar.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaý üýtger. Özüňizi has rahat we ynamly duýarsyňyz, umuman göwnüňiz göteriler. Köp Daluwlar ýakynlaryny begendirmegiň ýoluny taparlar, käbir maşgala çärelerini gurarlar. Gyzykly we ylham beriji gysga wagtlyk syýahata gitmäge mümkinçilik döremegi ähtimal.
Hut (Balyk 21.02 – 20.03)
Size ýakymly gün garaşýar. Köp zat adatdakysyndan has aňsat bolar we siz meýilleşdirilen işleriňizi çalt tamamlarsyňyz. Başgalaryň nusgasyna eýermän, özüçe hereket etmegi saýlaýan Hutlar peýdaly tejribe alarlar. Güniň ikinji ýarymynda  täze tanyşlaryňyz bilen çalt dil taparsyňyz, hatda başgalara gaty talapkär we gatnaşyga kyn girýän adamlara-da ýararsyňyz. Romantik gatnaşyklaryň başlangyjy boljak tanyşlyklar ähtimal. Ýöne wakalary çaltlandyrman, olaryň öz ugruna gitmegine goýmak gowudyr. Duýgularyňyzy we niýetleriňizi anyklamak üçin size biraz wagt gerek bolar. Käbir Hutlar  bar bolan serişdeleri nädip dogry ulanmalydygyny we girdejilerini nädip artdyrmalydygyny düşünerler. Öz duýgurlygyňyza ynanuň: bu gün ol sizi hiç bir zatda ýalňyşdyrmaz.