Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şonuň üçinem ylymly-bilimli, ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly ýaşlary terbiýelemek möhüm mesele bolup durýar.
Bilim hakyndaky alada ýaşlar, ýagny ýurduň geljegi hakynda aladadyr. Çünki bilim we ýaşlar diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz derejede baglanyşyklydyr. Ýaşlar ylym-bilim babatda kämilleşdirilýär — kämil geljek gurulýar. Ýaşlara gönükdirilýän maýa goýumlar şöhratly geljegiň kepilidir. Şoňa görä-de, bilim ulgamyna, ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, kämilleşmegi, hünär öwrenmegi, erkana zähmet çekmegi, dynç almagy, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, önümçilik işlerine gatnaşmagy, ýürekde beslän arzuwlaryna ýetmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen ýörelgä eýerilýär.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni ugurlar babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär, bilim bermegiň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman tehnologik enjamlary bilendersleri özleşdirmäge giň mümkinçilik berilýär.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ýokary hilli bilim almaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek ýaly wezipelere hem uly orun berilýär. Şol möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri, döwrebap bilim almaklary, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin anyk maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar.
Nebitgaz pudagyndaky işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylyşy, wodorod önümçiliginiň alternatiw ugry, nano we himiki tehnologiýalary işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek, energiýanyň alternatiw çeşmeleri, önümçilik galyndylaryndan täze önümleri almagyň innowasion tehnologiýalary, ösümliklerden tebigy boýag almagyň mümkinçilikleri, ýerli çig mallary gaýtadan işläp, önümçilik ähmiýetli önümleri almagyň usullary babatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem göwnejaý işler ýola goýuldy.
Uniwersitetde täze merkezler açylyp, ol ýerde geljegiň energetika ulgamyna işjeň aralaşmak üçin kämil hünärmenler taýýarlanylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi halkymyzyň durmuşynda has giňden şöhlelenýär. Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesliň güýjüne uly ynam bildirip, olara aýratyn üns bermegi häzirki döwrüň hem geljegiň möhüm ruhy galkynyşyny kemala getirýär. Tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek ugrunda yhlasly bilim alýarlar.
Arslan Hallyýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetininiň
“Himiýa tehnologiýasy” taýýarlyk ugrunyň 2-nji talyby.
