JEMGYÝET

2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş sapary barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  wise-premýer Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Hususan-da, türkmen-awstriýa işewürler geňeşini döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, Wena şäherinde türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, şu ýylyň dekabr aýynda Awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy