TEHNOLOGIÝA

2024-nji ýylda ilkinji trillioner bolar

“SpaceX” kosmos kompaniýasynyň we “Tesla” elektrik awtoulag öndüriji kompaniýasynyň esaslandyryjy Ilon Mask, kompaniýalaryň paýnamalarynyň köpelmegi sebäpli baýlygyny artdyrmagy dowam etdirýär.

Esasanam koronawirus döwründe gymmaty ýokarlanmagyny dowam etdirýän “Tesla” kompaniýasynyň kömegi bilen çynlakaý girdeji gazanýan Mask häzirki wagtda 257 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamydyr.

Täze gözlegiň netijesine görä, Ilon Mask baýlygyny 2017-nji ýyldan bäri her ýylda ortaça 129 göterim ýokarlandyrýar.

Bu statistika dowam eden halatynda, 2024-nji ýyla gelenimizde, Ilon Mask 1,38 trillion dollar baýlygy bilen dünýäde ilkinji trillioner hökmünde taryha girer.

Ilon Maskyň iň ýakyn bäsdeşi “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň 2030-njy ýylda 1 trillion dollar baýlyk gazanmagyna garaşylýar.

 

Dünýäniň iň uly göwheri Dubaýda görkeziler

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze konsepsiýasy kabul edildi

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary