Her ýyl geçirilýän we üstümizdäki ýylda 72-nji halkara «Älem gözeli» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde 23 ýaşly Nikaragua döwletiniň wekili Şeýnnis Alondra Palasios Korneho ýeňiji boldy.
Salwadorda geçirilen bu bäsleşik “Youtube” kanalynda göni ýaýlymda alnyp berildi. Bäsleşikde ikinji orny Tailandyň wekili 27 ýaşly Anntoniýa Porsild eýeledi.
– Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bäsleşige gatnaşyjylary, olaryň guramaçylaryny we myhmanlary garşylamak biziň üçin uly abraýdyr. «Älem gözeli» bäsleşigi bize ýokary derejedäki çäreleri guramak mümkinçiligini görkezdi. Şonuň üçin Salwadoryň saýlanyp alnandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin – diýip, bäslşigi kabul edýän ýurduň Prezidenti Naýib Bukele belläp geçdi.
Guramaçylaryň habar bermegine görä, «Älem gözeli» bäsleşigi 2024-nji ýylda Meksikada geçiriler.
«Älem gözeli» bäsleşigi – her ýyl geçirilýän halkara gözellik bäsleşigidir we dünýäniň gözellik bäsleşikleriniň iň abraýlysydyr. Bu bäsleşige üstümizdäki ýylda 80-den gowrak ýurtdan gyzlar gatnaşdy.