BIZNES

2023-nji ýylda Türkmenistanda 11 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi

Türkmenistanda ykdysadyýetde iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagy zähmet bazarynda we iş üpjünçilik ulgamynda geljegi uly bolan syýasat hasaplanylýar. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de bu ugurda ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan höweslendirmek zähmet bazary we iş üpjünçilik çygrynda düýpli meseleleriň biri bolup durýar.

Bu ugurda gazanylýan oňyn netijeler ýurduň ykdysady binýadynyň berkliginden habar berýär. 2022-nji ýylda Türkmenistanda 6 müňden gowrak täze iş orny döredilen bolsa, 2023-nji ýylda olaryň sany 11 müň 373-e ýetdi.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy