SPORT

2023-nji ýylda boks boýunça dünýä çempionaty Özbegistanda geçiriler

2023-nji ýylda boks boýunça dünýä çempionaty Özbegistanda geçirilýär. Bu barada Iordaniýada geçirilen boks boýunça Aziýa çempionatynyň çäklerinde geçirilen metbugat ýygnagynda mälim edildi.

Şol metbugat ýygnagynda 2023-nji ýylda boks boýunça dünýä çempionatynyň Daşkentde geçiriljekdigi mälim edildi. Dünýä çempionaty 2023-nji ýylyň 1-14-nji maý aralygynda guralyp, bu çempionatyň baýrak gaznasy hem ýokarlandyryldy. Çempionatyň umumy baýrak gaznasy 5,2 million dollara barabardyr.

Altyn medal alan türgenlere 200 müň dollar, finala çykanlara 100 müň dollar we bürünç medalyň eýelerine 50 müň dollar berilýär.

Halkara boks assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Umar Kremlew bu barada beren beýanatynda erkekleriň arasynda geçiriljek boks çempionatynyň ýokary derejede geçiriljekdigini belledi. Ol Özbegistanda bolup, özbek tarapynyň çempionatyna görýän taýýarlyklar barada tanyşlyk geçendigini belledi.

Özbegistanyň Boks federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Saken Polatow hem öz gezeginde Daşkentdäki dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin tagalla ediljekdigini mälim etdi.

Daşkentde geçiriljek dünýä çempionatynda gazanyljak ýeňişler türgenleriň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna ýollanma almagy üçin giň mümkinçilik bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi