SPORT

2021-nji ýylyň iň gowy futbolçysy kim bolar?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2021-nji ýylyň iň gowy futbolçysynyň baýragy üçin dalaşgär futbolçylaryň sanawyny yglan etdi. Dünýäniň iň güýçli futbolçysynyň baýragyny almak ugrundaky bäsleşige Lionel Messi, Kristiano ronaldo, Mohammed Salah we ýene-de 8 futbolçy dalaş edýär. Bu barada guramanyň internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

FIFA-nyň maglumatyna görä, 11 dalaşgäriň arasynda “Bawariýa” toparynyň futbolçysy Robert Lewandowski, “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo, “PSŽ” toparynyň hüjümçileri Lionel Messi, Neýmar we Kilian Mbappe, şeýle hem “Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohammed Salah bar.

Dünýäniň iň güýçli futbolçysyny salýamka üçin ses berişlik 22-nji noýabrda başlady we 10-njy dekabra çenli dowam edýär. Ýeňini 2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda mälim ediler.

Bilşiňiz ýaly, 2020-nji ýylyň netijeleirne görä, bu baýraga Robert Lewandowski mynasyp bolupdy. Ses berişlikde ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Ronaldo we Messi eýeläpdi.

 

Baýden gaýtadan prezidentlige dalaş etmekçi

Ýene-de okaň

Gwardiola Saud Arabystanyda gowy teklip aldy

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler

Türkiýede “derbi” duşuşygy: ilkinji gezek halkara eminler eminlik eder

Er-Riýadda boks gijesi: rus boksçylaryň çempionlyk tutluşygy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy