DÜNÝÄ

2021-nji ýyl: dünýäde ýatda galan wakalar

2021-nji ýylda dünýäniň esasy wakalarynyň biri hiç şübhesiz, koronawirus ýokanjy boldy. Dünýäde bu howply ýokanja garşy göreş alnyp barylýar. Sanjym edilip, täze sanjymlar işlenip düzülýär.

Ýöne koronawirus ýokanjy bolsa-da, durmuş öz depgininde dowam etdi. Köp sanly  ýatda galyjy wakalar bolup geçdi. Şolaryň käbirini dykgatyňyza ýetirýäris.

ABŞ-NYŇ 46-NJY PREZIDENTI WEZIPESINE GIRIŞDI

ABŞ-da 2020-nji ýylyň ahyrynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan jo Baýden 2021-nji ýylyň ýanwarynda ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde wezipesine girişdi we kasam kabul etdi.

SUES KANALYNDA GÄMI DYKNYŞYGY

Mart aýynyň ahyrynda dünýä derejesinde, köpleri gyzyklandyran waka bolup geçdi. 400 metr uzynlygyndaky “Ever Given” konteýner gämisi Sues Kanalynda galdy. Bir hepdeläp 20 müň konteýneri bolan gämini ýerinden gozgap bilmediler. Üç ýüz gämi kanaldan geçip bilmän galdy. Kanaly petiklemegiň zyýany 1 milliard dollar diýlip çaklanyldy.

OWGANYSTANDA “TALIBAN” DÖWRI BAŞLADY

Dünýä ýurtlarynyň ählisini gyzyklandyran esasy wakalaryň biri bolup geçdi. Owganystanda hökümet çalyşdy. Awgust aýynyň ortalarynda “Taliban” hereketi ýurdy dolandyrmaga başlady.

MILLIARDERLERIŇ KOSMOS SYÝAHATY

Tomusda milliarderler özüniň kompaniýalary tarapyndan öndürilen kosmos gämilerinde älem giňişligine syýahat etdiler. Ilki bilen, Riçard Brenson özüniň kosmos syýahatyny amala aşyrdy. Brenson we onuň ýany bilen giden adamlar 86 müň kilometr belentlikden Ýer şaryny synladylar. Soňra dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Jeff Bezos ikinji bolup, kosmos giňişligine aralaşdy. Onuň kosmos gämisinde 82 ýaşly Uolli Fank hem bolup, ol hem kosmosa aralaşan iň garry adam hökmünde hasaba alyndy.

ÝEWROPADA WE DÜNÝÄNIŇ BEÝLEKI ÝERLERDE SUW JOŞGUNLARY

2021-nji ýylda koronawirus ýokanjyndan başga-da, tebigy betbagtçylyklar boldy. Ýewropa we dünýäniň käbir ýurtlary suw joşgunlary sebäpli zyýana galdy. “Bernd” siklony güýçli çagba sebäp bolup, Ýewropa ýurtlarynda özüniň ýaramaz täsirini ýetirdi. Ondan iň köp Germaniýa ejir geçdi.

TOKIO OLIMPIÝA OÝUNLARY

Şu ýylyň tomsunda iň köp garaşylan Tokio Olimpiýa oýunlary ahyrsoňy geçirildi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli bir ýyl gijikdirilen Tokio Olimpiýa oýunlary janköýersiz geçirildi. Ýöne bu oýunlar köp sanly ýurtlar üçin netijeli boldy. Dünýäniň köp ýurdy özüniň ilkinji Olimpiýa medallaryny gazandy.

JEMGYÝETÇILIK TORLARYNYŇ IŞINIŇ BÖKDEMEGI

Häzirki döwürde hem-de tehnologiýanyň ösen döwründe adamlaryň durmuşynda jemgyýetçilik torlarynyň ähmiýeti uludyr. Şeýle döwürde “Facebook” kompaniýasynyň jemgyýetçilik torlarynyň ählumumy derejede işini belli wagt aralygynda bes etmegi köpleri gyzyklandyrdy. Ägirt uly tehnologiýa kompaniýasynyň “Instagram” we “WhatsApp” jemgyýetçilik torlary 7 sagat işlemedi. Bu bir tarapdan beýleki jemgyýetçilik torlarynyň peýdasyna boldy. Köp sanly adam beýeki jemgyýetçilik torlaryna geçdi.

ANGELA MERKEL SYÝASATDAN GITDI

Germaniýanyň syýasy durmuşynda uly waka boldy. 16 ýyl we 15 gün Germaniýanyň Kansleri wezipesini amala aşyran Angela Merkel wezipesini tabşyrdy. 8-nji dekabrda täze Kansler Olaf Şols kasam kabul etdi, Merkel bolsa dynç alşa gitdi.

 

2021-nji ýylyň möhüm futbol wakalary

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan – Katar migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Rumyniýa Türkmenistanyň “akylly” şäher konsepsiýasyna gyzyklanma bildirýär

Ýens Stoltenberg maliýe ministri boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen YHG-niň mejlisine gatnaşdy