SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

20 dollarlyk sanjym mugt urlar

Argentinanyň hökümeti raýatlary üçin Russiýadan «Sputnik V» sanjymyny satyn aldy. Koronowirus infeksiýasyna garşy ulanylýan bu sanjym ýurtda mugt amala aşyrylar. Häzir Hökümet Russiýadan ýeterlik mukdarda sanjym alyp gelmek bilen meşgullanýar.

«Sanjym mümkin bolan iň gysga wagtda ýurda getiriler. Onuň bahasy, adatça, 19,9 amerikan dollaryna barabar. Ýöne ýurtda munuň üçin raýatlardan pul alynmaz» diýip, Prezidentiň geňeşçisi Sesiliýa Nikkolini metbugata beren beýanatynda aýtdy.

Köp mukdarda sanjym satyn almak Argentinanyň taryhyndaky iň iri kampaniýalaryň biri bolar. Döwlet sanjym babatynda Russiýa bilen bir hatarda «AstraZeneca» we «Pfizer» kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýar.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi