SPORT

1972-nji ýylyň rekordy täzelendi

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski 1972-nji ýylda goýlan rekordy täzeledi. Ol bir senenama möwsüminde iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Ol “Wolfsburg” topary bilen geçirilen duşuşykda Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynda 2021-nji ýylda 43-nji goluny geçirdi.

Mundan ozal, Germaniýada bir senenama ýylynda iň köp gol 1972-nji ýylda geçirilipdi. Takmynan 50 ýyl mundan ozal, Gerd Mýuller bir ýylda 42 gol geçiripdi.

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski täze möwsümde 17 duşuşykda 19 gol geçirdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Bawariýa” topary ýurduň futbol boýunça milli çempionatynyň gyşky möwsüminiň çempiony boldy. “Bawariýa” topary 24-nji gezek gyşky möwsümiň çempiony boldy. Bu topar gyşky möwsümi birinji tamamlap, 21 gezek ýurduň çempiony bolmagy başardy.

 

“Spartak” toparyna italiýaly tälimçi bellendi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi