Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün meýilleşdiren zatlaryňyzy amala aşyrmak üçin amatly pursat bolar. Hatda ýagdaýa dogry baha berersiňiz, öz mümkinçilikleriňizi artykmaç ulaltmarsyňyz hem-de öz pikirleriňize aşa tankydy çemeleşmersiňiz. Bu bolsa uly ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder.Şeýle hem käbir Hamallaryň gatnaşyklarynda ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler, emma açyk gürrüňler ähli düşünişmezlikleri aradan aýyrmaga kömek eder.Güniň ikinj ýarymynda şahsy durmuşyňyz bilen bagly möhüm kararlary kabul edip bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün biraz ýadaw bolup bilersiňiz. Şeýle hem köne ýalňyşlaryň netijelerini düzetmek bilen meşgul bolmaly bolarsyňyz. Bu ýalňyşlary başgalar goýberen hem bolsa, olaryň jogapkärçiligi size düşer. Şeýle-de bolsa, ýagdaýy düzetmek mümkin diňe biraz wagt gerek bolar.Güniň ikinji ýarymynda maliýe meselelerinde seresap boluň. Siz ýeňilje harçlamalara meýilli bolup bilersiňiz, soňundan bolsa gynanarsyňyz. Şonuň üçin çykdajylaryňyzy gözegçilikde saklaň.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün öňüňizde köp mümkinçilikler açylar. Haýsysyny saýlamalydygyny tiz çözmeli bolarsyňyz. Iş bilen bagly meseleleriňizi üstünlikli çözüp bilersiňiz, esasanam günüň ilkinji ýarymynda.Özüne ynamsyz Jöwzalar üçin goldaw aýratyn möhümdir. Sizi goldaýan adamlaryň ýanynda boluň, tankyt edýänlerden daşda duruň.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyk size şatlyk getirer. Täze duşuşyklar üstünlikli geçer. Söýýän adamyňyz bilen öň ýüze çykan düşünişmezlikleri çözmek mümkin bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün asuda geçer. Işiňizi tertibe salmak, täze hyzmatdaş tapmak üçin amatly pursat. Howlukmaň sabyr bilen hereket ediň.Güniň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklarda hem gowy ýagdaý bolar. Siz öňden bäri görmek isleýän adamlaryňyz bilen duşuşyp bilersiňiz.Siziň synçylygyňyz bu gün aýratyn peýdaly bolar. Siz ownuk zatlary duýup, ýalňyşlaryň öňüni alyp bilersiňiz.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Eger siz işe öz islegiňiz bilen başlasaňyz kyn meseleleri hem üstünlikli ýerine ýetirersiňiz. Özbaşdak hereket etmek size has ýeňil bolar.Döredijilik bilen meşgullanýan Esetlere bu gün ylham geler. Şeýle hem size kömek edýän adamlar bolar, ýöne olar hem öz peýdasyny gözlär.Güniň ikinji ýarymynda uly satyn almalary etmek üçin amatly gün. Şeýle hem maýa goýum etmek barada pikirlenip bilersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu gün birneme garşylykly bolar. Işjeňligiňiz pes bolar, ýöne ýagdaý sizden başlangyç talap eder. Ilki bilen iň möhüm zatlary ýerine ýetiriň.Ýakynlaryňyz bilen jedeller bolup biler, ýöne siz düşünişmegi başararsyňyz.
Güniň ikinji ýarymynda dynç almak üçin wagt tapyň. Bu gün ruhy ýagdaý birneme dartgynly bolup biler.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün kyn meseleleri çözmeli bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa, siz öz başarnygyňyzy görkezersiňiz we täze mümkinçilikler açylar.Güniň ikinji ýarymynda kararlaryňyzda batyr boluň bu size üstünlik we girdeji getirer.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün ähli zatda ätiýaçly boluň. Howlukmak ýalňyşlara getirip biler.Tejribeli Akraplar üçin bu gün ýeňil geçer. Ýaşlar üçin bolsa goldaw gerek bolar.Şeýle hem ýakynlaryňyz bilen gatnaşygyňyz gowy bolar.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Soňky başlanan işleri tiz tamamlap bilersiňiz. Gün täze maksatlar goýmak üçin amatly bolar.Şeýle hem şahsy gatnaşyklarda düşünişmezlikler bolup biler, esasanam pul meselelerinde.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün köp işleriňiz bolar. Ähli zatlary tertip bilen ýerine ýetiriň.Täze adamlar bilen gatnaşygyňyzy çäklendiriň olar siziň göwnüňize degip bilerler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün üstünlikli bolar. Köne arzuwlaryňyzy amala aşyryp bilersiňiz.Iş bilen bagly täze teklipler bolup biler. Ilki bilen ähli zatlary pikirlenip görüň.Şahsy durmuşyňyzda hem gowy özgerişler bolup biler.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün ýeňil we düşnükli işleri ýerine ýetiriň. Uly meseleleri ätiýaçlylyk bilen çözüň.Şeýle hem täze tanyşlyklar bolup biler. Kimdir biri bilen ilkinji görüşde söýgi döräp biler.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
