SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

1,8 million zyýaratçy hajy boldy

Şu ýyl pandemiýadan soňra 10 ýurtdan 1.8 million zyýaratçy haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystanyna bardy. Bu barada ýurduň haj we umra boýunça ministri Tewfik er-Rabia habar berdi.

Ministriň bellemegine görä, üstümizdäki ýylda 150 ýurtdan 1 million 845 müň zyýaratçy haj parzyny berjaý etmek üçin Saud ARabystanyna geldi. Hajylaryň umumy sanynyň 184 müňden gowragyny ýerli saud hajylary düzdi.

Saud Arabystanynyň Statistika edarasy şu ýylky haj zyýaraty barada maglumatlary berdi. Berlen maglumata görä, Saud Arabystanynyň özünden 184 müň adam hajy boldy. Arap ýurtlaryndan 346 müň, Aziýa ýurtlaryndan 1 million 56 müň, Afrikadan 221 müň, Ýewropa, Amerika, Awstraliýa we beýleki ýurtlardan 36 müňden gowrak zyýaratçy mukaddes topraklara bardy.

Hajylaryň 1 million 593 müňüsi uçar, 60 müňüsi gara ýol, 6 müňüsi bolsa deňiz ulaglary arkaly Saud Arabystanyna bardy.

Ýerli we daşary ýurtly hajylaryň arasynda erkekleriň sany 969 müň 694-ä deň bolan bolsa, zenan hajylaryň sany 875 müň 351-e deň boldy.

2019-njy ýylda Saud Arabystanyna haj parzyny berjaý etmek üçin 2,5 million zyýaratçy barypdy. 2020-nji ýylda bolsa, 10 müň adam bilen çäklendirilipdi.

Türkmenistan döwletimizden hem 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany ildeşlerimizi haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirildi.

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi