SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

17-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 17-nji  ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Irden boljak gowy keýpiňiz, öndürijilikli zähmetiňize oňaýly täsir eder. Mundan öň azyndan bir hepde gerek bolan işiňizi bu energiýaňyz we güýjüňiz bilen bir günüň içinde hem amala aşyryp bilersiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün, gödek daraşan adamyňyz bilen gatnaşygy gowulaşdyrmak üçin amatly bolar. Araňyzdaky düşünişmezligiň haçan bolup geçendigine garamazdan, günäňizi boýun alyp, ol adamyň hoşniýetliligini gaýtarmaga synanyşyň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Täze tanyş, aňsatlyk bilen özüne çekiji bolup biler, emma netijede sizi aldap hem biler. Şonuň üçin-de, nätanyş adamyň sözüni kabul etmezden ozal iň bolmanda bir minutlap soňunyň nähili boljakdygy hakynda pikirleniň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Köp ýyl bäri görmedik köne tanyşyňyz bilen duşuşmagyňyz tötänleýin däldir. Çünki şeýle bolmak bilen, durmuş size bu adamyň üsti bilen öňden bäri kelle döwýän meseläňizi aňsatlyk bilen çözüp biler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu günüň wakalary size daş-töweregiňizdäki adama täzeçe göz aýlamaga mümkinçilik berer. Belki öň üns bermedik zatlaryňyzy aňarsyňyz. Ol adamyň diňe bir siz üçin peýdaly bolman, eýsem ähli tarapdan ýakymly bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün ýolbaşçylar bilen aragatnaşyk üçin diýseň amatly: bu gün olar hoşniýetli bolarlar we täze pikirden aýlyk hakynyň ýokarlanmagyna çenli islendik teklipleriňizi göz öňünde tutarlar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Ýakyn dostlaryňyzdan biriniň başga bir adam bilen bolan gapma-garşylygynda siziň parahatçylygyň tarapdary hökmünde hereket etmegiňizi haýyş etmegi gaty ähtimal. Emma siz, esasly bahana bilen bu tabşyrygy ret etmäge synanyşyň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Maşgaladaky parahatçylyk, alamatyňyzyň wekilleri üçin iň uly gymmatlyklaryň biridir, şonuň üçin ony gorap saklamaly we gapma-garşylyklardan başga hiç zat getirmejek boş dawa-jenjellerden we özdiýenlilikden gaça durmaly.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu güni işjeň hereketler bilen başlap, hatda alamatyň iň güýçli wekilleri hem günortanlyk wagtynda ýadawlyk duýup bilerler – özüňizi has köp işlemäge mejbur etmäň, aram-aram dynç alanyňyz gowudyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ýolbaşçar, ägirt uly zähmetiňiz üçin size minnetdar bolarlar. Emma şübhesiz zehinleriňizi we üýtgeşik ukyp başarnyklaryňyzy welin, gynansak-da duýmaýar. Şonuň üçin-de, anna günüdigine garamazdan, öňdebaryjy adamlara öz zehiniňizi aç-açan görkezmegiň wagty geldi.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Hiç ýere howlukmaly däl we jedel etmeli däl.  Günüňiziň dowamynda wagtyňyz hiç haçan gutarmaýan ýaly yzygiderli we haýal işläň. Diňe prosesden lezzet alyň we netijäni ýatdan çykaryň, şeýle etseňiz betije hem gaty gowy bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Aýratynam şu gün öý işleri bilen baglanyşykly ýagdaýlar üstünlikli bolar: islendik döwülen enjamy bejerip, umumy arassalaýyşy gurap, dynç günleri bolsa, nahar bişirip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama