SPORT

17-nji sentýabrda “Arkadag” – “Andijon” bilen duşuşar

Ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň we AFK-nyň çagyryş ligasynyň geçen möwsüminiň çempiony «Arkadag» topary Aziýanyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyrynda «B» toparçanyň çäginde ilkinji duşuşygyny geçirer. Duşuşyk 17-nji sentýabrda Arkadag şäherindäki «Arkadag» stadionynda sagat 18:45-de Özbegistanyň «Andijon» toparynyň garşysyna geçiriler.

Bu oýna kuweýtli Ahmad Akaşah Bin Ahmad Albadoweniň eminlik etjekdigi mälim edildi. Mundan başga-da, duşuşygyň kömekçi, ätiýaçdaky we gözegçi eminleri bellendi.

«ARKADAG» – «Andijon»

Geçirilýän ýeri: «Arkadag» st. (Arkadag şäheri)

Başlanýan wagty: 18:45

Duşuşygyň emini: Ahmad Akaşah Bin Ahmad Albadowe (Kuweýt)

Kömekçi eminler: Manoj Kalwani (Singapur), Aşokraj Jiwaraja (Singapur)

Ätiýaçdaky emin: Lew Hoň Wei Klarens (Singapur)

Gözegçi emin: Saad Alfadhli (Kuweýt)

Duşuşygyň komissary: Walid Mohammed Musa Taher Albluşi (Birleşen Arap Emirlikleri)

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri