MEDENIÝET

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Baklawa gelip çykyşy Türkiýeden bolup, bütin dünýä ýaýran, diňe bir süýji tagam däl – ol hakykatdan-da aşpezçilik sungatynyň nusgalyk eseridir. Köp sanly gatlakly hamyry, altynsow reňkli ýüzü we ýeňil bally şerbeti bilen bu süýjülik häzirki wagtda halkara derejesinde giňden ykrar edildi. ABŞ-da, Ýewropada we Ýaponiýada türk konditerleriniň öňünde emele gelýän uzyn nobatlar onuň dünýä derejesindäki meşhurlygyna şaýatlyk edýär.
Emma baklawanyň hakyky tagamyny duýmagyň iň dogry ýoly – ony öz watanynda datmakdyr, esasan-da her ýylyň 17-nji noýabrynda bellenilýän bütindünýä baklawa gününde datmak has-da özboluşlydyr.

“Ýufka” diýlip atlandyrylýan kyrk gatly hamyrdan taýýarlanylýan, üsti hoz ýa-da pisse bilen bezelen we ýeňil şerbet bilen siňdirilen bu desert asyrlardan bäri türk aşhanasynyň iň gymmatly hazynalarynyň biri bolup gelýär. Onuň kökleri ýuka hamyr taýýarlaýyş däbine barýar, bu bolsa ÝUNESKO-nyň sanawyna hem girizilendir. Osman imperiýasynyň köşgüniň aşpezleri hamyry inçe ýazmak ukybyny ýokary ussatlyk we mertebe hasaplaýardylar.


Häzirki wagtda Türkiýede baklawa baýramçylyklaryň, myhman kabul edişlikleriniň hem-de maşgala agşamlarynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, hakykatdan-da şatlygyň nyşanyna öwrüldi.

Baklawanyň iň kämil, nusgalyk görnüşi Gaziantep şäherinde taýýarlanýar. Bu şäher ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň aşpezçilik ulgamy boýunça sanawyna girýär.

Baklawa – Türkiýäniň dünýä peşgeş beren medeni mirasynyň iň süýji nyşanydyr.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy