JEMGYÝET

17-nji maýda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy ulanmaga berler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, konsertleri, wagyz-nesihat çärelerini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

  • 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda dabaralar geçiriler.
  • 16-njy maýda Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Hususan-da, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat, ýurdumyzyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanyp surata düşürilen türkmen kinofilmleriniň görkezilişi guralar.
  • 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • 18-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar, şol sanda durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Şol gün “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty, baýramçylyk konsertini guramak meýilleşdirilýär. Ş
  • eýle hem Aşgabat şäheriniň güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar.
  • 24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler.
  • 26-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary