Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 16-njy maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Häzir size ýyldyzlaram aýdýarlar: “Bu zatlara çydamaklyk bolmaz!” Başarnyklaryňyzyň, gözelligiňiziň, zehiniňiziň gadyryny bildirmek üçin köp garaşdyňyz. Entegem islenilen netije gazanylmadyk bolsa, daş-töweregiňizdäkileriň hiç zady üýtgetmek islemeýändikleridir. Mundan soň olara ikinji gezek mümkinçilik bermeli däl.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlar ähli zady bolşy ýaly kabul edip, özüňize laýyk gelmeýän zatlary aýryp bilersiňiz. Ýa-da hemme zady taşlap, täzeden başlap, öň edip görmedik zadyňyzy synap görersiňiz. Öň hemişe synanyşmana gorkýan zadyňyzy edip bilersiňiz. Emma häzir, durmuşyňyzy üýtgetmek kararyna gelmegiň wagty geldi. Elbetde, hemme zat aňsat bolmaz. Mundan başga-da, hemmetaraplaýyn goldanmaga garaşmaň. Şeýle üýtgeşmeler islenýän maksadyňyza ýetmekde uly kömek edip biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar, siz owadan, akylly, hormatlanýan we islenýänsiňiz. Özüňizi beýlekileriň gözi bilen görüp bilmeýändigiňiz gynandyrýar. Öz pikirleriňizi tertipleşdirip, dostlaryňyzyň we garyndaşlaryňyzyň sözlerine ynanmaga synanyşyň. Siz hakykatdanam ajaýyp we üýtgeşik. Oňa diňe ynanmak gerek.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Käwagt daşky keşbiňize gaty köp üns berýärsiňiz, ýöne içki dünýäňizde-de üýtgeşik owadanlyk we mylaýymlyk bar. Özüňizi bezemegiň ýa-da tankytlamagyň ýerine, içki barlygyňyz bilen dostlaşyň. Özüňizdäki ähli oňyn we üýtgeşik häsiýetleri öwreniň. Olary gadyrlamagy we olara baha bermegi başaryň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Kimdir biri sizi kemsidýän bolsa ýa-da özüni talaba laýyk alyp barmasa, siz muňa boýun bolýardyňyz. Emma, esetler, ýagdaýa diňe öz garaýşyňyz bilen baha bermäň. Şol adama derek özüňizi goýup görüň. Ol özüni hakykatdan-da şeýle erbet alyp bardymy? Mümkin ol özüni goramak maksady bilen şeýle hereket edýändir. Häzir ýaramaz düşünjeleriňizi terk etmegiň wagty geldi.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler, hakykatdanam, bagtly bolmagyňyza näme päsgel berýär? Ähli zadyň erbet tarapyny agtaryp ýörseňiz, hijem bagty tapmarsyňyz. Pikirleriňizi boşatmaly we az alada etmäge synanyşmaly. Diňe şondan soň daş-töweregiňizdäki ähli gowy zatlary görersiňiz. Şeýle-de ruhy taýdan size ýakyn bolan adam siziň göwnüňizi açyp biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Öz-özüňizi tankytlanmagyň özüňize hormat goýmagyň wagty geldi. Siz köp zatlary gazandyňyz. Köp gowy işleri etdiňiz. Häzir siziň özüňize guwanmaga doly hakyňyz bar. Başgaça pikir edýänleri bolsa, hiç hili diňlemäň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Ýakyn wagtda zähmetiňiziň netijelerini görersiňiz, akraplar. Ilki bilen bu gatnaşykda bolanlara degişlidir. Köpden bäri garaşylýan sözleri eşidip bilersiňiz, nikalaşmak teklibini alyp, maşgala gurmak üçin täze ädim ädip bilersiňiz. Bu gün iş taslamasyna köp üns berenler üçin gowy habar garaşýar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Kowuslar, siz köplenç ýok zadyňyz hakda pikir edýärsiňiz. Pikirleriňizi üýtgediň – eýýäm bar bolan zatlaryňyza baha beriň! Durmuşyňyza şu nukdaýnazardan seretseňiz, töweregiňizdäki hemme zat täze reňkler bilen parlar. Birdenkä gaty köp zadyň – maddy gymmatlyklardan-da beter has möhümi dostlaryňyzdygyna we garyndaşlaryňyzdygyna göz ýetirersiňiz.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daluwlar käwagt geljekde has köp zadyň bardygyna ynanmaýandygyňyz üçin az zähmet çekýärsiňiz. Şeýlelik bilen, ösüşiňizde birnäçe ädim yza ädip bilersiňiz, aýgytly hereketden boýun gaçyrarsyňyz, bu bolsa, karýeranyň basgançagyna çykmagyňyza uly päsgelçilik döreder. Daluwlar, iň gowy zatlar hakykatdanam öňüňizde. Ýöne siz diňe garaşyp oturmaly dälsiňiz, ýeriňizden turmaly we herekete başlamaly!
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Geçmişiňizde bolan zatlara ökünýärsiňizmi? Emma bu hiç hili zerur däldir. Edilenleri yzyna gaýtaryp bilmersiňiz. Has gowusy, geljekde üýtgedip biljek zatlaryňyz hakynda pikirleniň. Öz-özüňizi ösdürmek üçin meýilnama düzüp ýörkäňiz, birwagt göwünlerine degen adamlaryňyzy ýadyňyza salyň. Elbetde, edenleriňizi, aýdanlaryňyzy üýtgedip bolmaz. Emma ötünç sorap, ýaraşyp, şeýlelikde, näçeräk üýtgändigiňizi görkezip bilersiňiz.
15-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama