SPORT

15 ýyllyk tälimçi wezipesinden boşadyldy

Urugwaýyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, milli ýygyndynyň baş tälimçisi meşhur Oskar Tabares wezipesinden boşadyldy. 74 ýaşyndaky hünärmen Urugwaýyň milli ýygyndysynyň nyşanyna öwrülipdi.

Soňky ýyllar Oskar Tabares saglyk babatda hem kynçylyklar çekýär. Soň-soňlar milli ýygyndysyna oturan ýerinden tälim berip başlady. Özbaşdak ýöräp bilmeýär, elinde hasasy bar.

Oskar Tabares 1988–1990-njy ýyllarda we soňra 2006-nji ýyldan häzire çenli Urugwaýyň milli ýygyndysyna tälim berdi.

Tabaresiň ýolbaşçylygynda Urugwaýyň milli ýygyndysy 2010-njy ýyldaky dünýä çempionatynda 4-nji orny eýeledi. 2011-nji ýylda Amerikanyň Kubogyny eýeledi.

Tabares 2010-njy hem-de 2011-nji ýyllarda Günorta Amerikanyň iň gowy tälimçisi saýlandy.

15 ýyllyk tälimçi Urugwaýyň milli ýygyndysynyň şowsuz çykyşlary sebäpli wezipesinden boşadyldy. Häzirki wagtda Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin tijenýän Urugwaýyň 14 tapgyryň netijeleri boýunça 16 utugy bolup, 7-nji orunda durýar. Günorta Amerikada 10 milli ýygyndy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin bäsleşýär. Olaryň 4-üsi gönüden-göni gatnaşyp bilýär. Olaryň ikisi eýýäm belli: Braziliýa we Argentina.

Toparçada 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji orunlary eýelän ýygyndylar dünýä çempionatyna gatnaşýar. 5-nji orundaky ýygyndy plef-off tapgyryna gatnaşýar.

Urugwaýyň milli ýygyndysyna dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin tijenmek gerek. Bilşimiz ýaly, Urugwaýyň milli ýygyndysy 2 gezek dünýä çempiony bolan ýygyndydyr.

 

“Apple”: gibrid ulgamyna geçiler

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi