Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallar üçin jogapkärçilikli meseleler öňe çykar. Iş we resmi gatnaşyklary berkitmek üçin amatly pursatdyr. Şeýle-de ýolbaşçylar bilen aragatnaşykda sabyrly bolmak maslahat berilýär. Özbaşdak çözgüt kabul etmezden öň ýagdaýy doly seljermek peýdaly bolar. Maliýe ýagdaýy durnukly, emma gereksiz çykdajylardan saklanmak zerurdyr.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin bu gün rahatlyk we durnuklylyk bilen tapawutlanar. Öň başlan işleri tamamlamak üçin amatly wagt. Maşgala gatnaşyklarynda düşünişmek güýçlener. Maddy meselelerde tygşytly bolmak maslahat berilýär.Güniň ikinji ýarymy uzak möhletli meýilnamalary düzmek üçin amatly gün.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün Jöwzalar üçin aragatnaşyk we täze maglumatlar günüdir. Resmi duşuşyklar, gepleşikler üstünlikli geçer. Täze mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa, howlukmaç kararlardan saklanmak zerurdyr. Saglyga üns bermek peýdaly bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin duýgy taýdan birneme dartgynly gün bolup biler. Ýakynlaryňyzyň goldawy bu ýagdaýy ýeňilleşdirer. Iş ýeriňizde sabyrly we paýhasly bolmak zerurdyr. Maliýe meselelerinde töwekgelçilikden gaça durmak maslahat berilýär.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler üçin bu gün işjeňlik we döredijilik bilen tapawutlanar. Özüňizi görkezmek, täze başlangyçlara başlamak üçin amatly pursatdyr. Şeýle-de ýolbaşçylygyň goldawyny almak mümkinçiligi bar. Ýöne özüňize bolan ynamy artykmaçlyk derejesine ýetirmezlik möhümdir.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler üçin tertip-düzgün we anyk meýilnama esasy orun eýelär. Işde takyklyk üstünlik getirer. Resmi işleriňiz bilen bagly meseleler oňyn çözüler. Saglyk babatda dynç almak we tertipli iýmitlenmek maslahat berilýär.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin deňagramlylyk güni bolar. Işde hyzmatdaşlyk üstünlik getirer. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy berkitmek üçin amatly pursatlar bolar. Güniň ikinji ýarymynda maliýe ýagdaýyňyz kadaly, emma uly çykdajylary yza süýşürmek has ýerlikli bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün Akraplar üçin möhüm kararlar kabul edilip bilner. Içki duýgyňyza ynanmak peýdaly bolar. Şeýle-de işde gizlin meseleler ýüze çykyp biler, şonuň üçin seresap bolmak zerurdyr.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslar üçin täze mümkinçilikler we utäze habarlary alyp bilerler.Syýahat ýa-da täze taslamalar bilen bagly pikirler ýüze çykyp biler. Resmi işlerde üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokarydyr. Şeýle-de sport ýa-da işjeň dynç almak peýdaly bolar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin bu gün zähmetiň netijesini görmek mümkin bolar. Uzaga çeken işler oňyn tamamlanar. Ýolbaşçylyk ukybyňyz ýokary bahalandyrylar. Maliýe meselelerinde tertipli hereket etmek maslahat berilýär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin döredijilikli pikirler we täze garaýyşlar güni. Adaty bolmadyk çözgütler üstünlik getirer. Şeýle-de dostlar bilen gatnaşyklaryňyz güýçlener. Maliýe taýdan garaşylmadyk girdejiler bolup biler.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin duýgur we pikirli gün bolar. Ruhy ösüş, özüňizi seljermäge amatly pursatdyr. Iş ýerinde sabyrly bolmak zerurdyr. Maşgala gatnaşyklarynda mähir we düşünişmek artar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
