Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Çylşyrymly işleri üstünlikli tamamlamak Hamallar üçin mümkin bolar. Şeýle hem ygtybarly ýaranlary tapyp, olaryň goldawy bilen mümkin däl ýaly görünýän maksatlaryna ýeterler. Ýeke hereket etmegi saýlaýanlar bolsa gijikmelere we kynçylyklara duş gelip bilerler.Güniň ikinji ýarymynda käbir Hamallar ýyldyzlaryň aýratyn goldawyny duýarlar. Maliýe ýagdaýyňyz durnukly bolar, girdejiler we üstünlikli ylalaşyklar ähtimal. Dostlar bilen duşuşyklar we jemgyýetçilik çäreleri ýakymly täsir galdyrar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün Sowurlar üçin iş we hyzmatdaşlyk amatly geçer. Liderlik ukyplary aýdyň ýüze çykar, täze wezipeler üstünlikli ýerine ýetiriler. Möhüm gepleşikler oňyn netijeleri berer, öň garşy tarapda bolan adamlary hem öz tarapyňyza çekmek mümkin.Jemgyýetçilik we dynç alyş çärelerinde täze tanyşlyklaryň döremegi ähtimal. Söýgüde bolanlar üçin ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar garaşýar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün howlukman, seresaply hereket etmek maslahat berilýär. Şeýle çemeleşme kynçylyklardan we ýalňyş kararlardan gaça durmaga kömek eder. Iş ugruny ýa-da hünärini üýtgetmek barada pikir eden Jöwzalar üçin gyzykly teklipler gelip biler.Güniň ikinji ýarymynda maliýe taýdan ösüş mümkin, ýöne aňsat girdejä bil baglamak bolmaz.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün uly üýtgeşmeleri amala aşyrmak üçin amatly däl. Emma meýilnamalaşdyrmak, geljeki ädimleriňizi pikirlenmek üçin örän ýerliklidir. Duýgularyňyz iş duşuşyklarynda dogry karar kabul etmäge kömek eder.
Käbir Seretanlar üçin täze hyzmatdaşlar ýa-da maýa goýujylar peýda bolup biler. Hobbi we bilim bilen bagly çärelerde täze tanyşlyklar dörär.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Günüň birinji ýarymy möhüm işleri ýerine ýetirmek üçin amatly bolar. Köne tanyşlar we öňki hyzmatdaşlar kömek etmegi teklip edip bilerler. Günortandan soň dynç almak islegi artar we duýgurlyk güýçlenmegi mümkin.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu gün Sünbüleler çylşyrymly meseleleri üstünlikli çözüp bilerler. Zähmetiňiz ýolbaşçylar we täsirli adamlar tarapyndan ýokary bahalandyrylar. Öň mümkin däl ýaly görünýän işler öňe ilerläp başlar.Gün örän işjeň geçer, emma maşgala, dostlar we söýgi gatnaşyklary üçin hem amatly bolar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün oňyn bolar, üstünlik bolsa siziň pikirli we döredijilikli çemeleşmegiňiz bilen baglydyr. Duýgularyňyz size ileri tutulmaly ugurlary dogry saýlamaga kömek eder. Güniň ikinji ýarymy kyn gatnaşyklarda düşünişmek we ylalaşyk gazanmak üçin amatlydyr.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Täze zatlary öwrenmäge we tejribe geçirmäge taýýar bolan Akraplar işde uly netijelere ýeterler. Uzak möhletli meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gün.Ýakynlaryňyz bilen ownuk düşünişmezlikler mümkin, emma olar çalt çözgüt tapar. Agşam dynç almaga wagt tapmak möhümdir.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Gün gyzykly we şowly wakalara baý bolar. Täze maksatlar ýüze çykyp biler, emma möhüm kararlar howlukman kabul etmeli bolarsyňyz.Garaşylmadyk girdejiler, gymmatly sowgatlar ähtimal. Şeýle hem işleriň köp bolmagy sizi ýadatmaz, tersine, ruhlandyrar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Köne gatnaşyklary dikeltmek we täze hyzmatdaşlyklara başlamak üçin amatly gün. Professional çärelere işjeň gatnaşmak peýdaly bolar.Romantik gatnaşyklar babatda gün örän oňyn geçer, söýgüde ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar mümkündür.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Käbir gijikmeler we kynçylyklar bolup biler, emma ýakyn adamlaryň goldawy ýagdaýy ýeňilleşdirer. Täze hyzmatdaşlar bilen gepleşikler üstünlikli geçer.Dostlar bilen duşuşyklar, romantik gepleşikler we sowgatlar günüň bezegine öwrüler.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Gün möhüm işleri ýerine ýetirmek bilen başlamak dogry bolar. Intuisiýa ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder.Günüň ikinji ýarymy dostlar we ýakynlar bilen aragatnaşyk üçin amatly. Romantik gürrüňler gatnaşyklary has-da berkitmäge mümkinçilik berer.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
