SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

12-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 12 -nji  ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Häzirki wagtda hünär meselesinde kimdir biri bilen jedele girmek islenilmeýär, çünki bu gün işiňizi subut edip bilmersiňiz. Oňa derek täze duşman tapyp bilersiňiz. Bu esasanam başlyklar bilen baglanyşykly bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Ýyldyzlar duýgularyňyzyň energiýasyny parahatçylykly ugra gönükdirmegi maslahat berýärler. Mysal üçin energiýaňyzy çylşyrymly iş meselelerini çözmäge ýa-da zatlary tertibe salmak üçin peýdalanyp bilersiňiz. Bu gün hemme zady aňsat we stressiz ýerine ýetirip bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün göz öňüne tutmaly zadyňyz – ýakyn adamyňyzdan ownuk-uşak zatlardan kemçilik tapmaly dälsiňiz. Her kimde bar bolan ownuk kemçiliklere gözüňizi ýummaga synanyşyň, oňa derek sizi birleşdirýän duýgynyň has möhümdigini pikirleniň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Häzirki wagtda seretanlar üçin iň zerur zat, ýanynda meýilleşdiren zatlarynyň hemmesini edip biljekdigine ynam berjek, goldajak we ylham berjek adamyň bolmagydyr. Olaryň ruhy goldawy netijesinde siz islendik zady başararsyňyz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ýaşaýan döwrümizdäki kyn ýagdaýlara garamazdan, uzak wagtlap özüňize etmäge rugsat bermedik zatlaryňyzy edip, özüňize dynç bermegiňiz zerurdyr. Mysal üçin, teatra gidip, SPA merkezine baryp görüp ýa-da seýilgähde gezelenç edip bilersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Uzak wagt bäri möhüm hünär taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, şu gün ýerine ýetiriň. Mundan-da gowy, has amatly şertlere garaşmaly dälsiňiz. Bu golaýda has gowy sertleriň bolmak ähtimallygy pesdir.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Hünär meýilnamalaryňyzy gizlin saklamak we olar hakynda diňe bir gyzyklanýan taraplara – kärdeşleriňize we bäsdeşlere däl, hatda dostlaryňyza-da aýtmazlyk maslahat berilýär. Çünki henizem kimiň dostdugy, kimiň bolsa duşmandygy belli däldir.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Häzirki wagtda energiýa ýetmezçiligi bolmaz. Ýyldyzlar bolsa, ähli energiýaňyzy parahatçylykly ugra gönükdirilmegi maslahat berýärler: şeýle etmek bilen, hatda iň batyrgaý meýilnamalary hem ýerine ýetirip bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Ýyldyzyňyza mahsus bolan alçaklygy göz öňünde tutup, beýlekiler bilen gürleşmekden saklanmagyňyzyň nähili kyn boljakdygyny göz öňüne getirip bilersiňiz. Ýöne häzirki wagtda bu zerur, ýogsam hiç zat etmäge wagtyňyz bolmaz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Geçmişden bir adamyň duýdansyz peýda bolmagy size diňe bir ýakymly, belki-de ýakymsyz ýatlamalary däl, eýsem belli bir peýdany hem getirer. Hünär meselesinde onuň kömeginden peýdalanjak boluň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Halamaýan adamlaryňyzy terk etmegiň wagty geldi, olary töweregiňizden aýyryň. Çünki, biderek umyt bermezden, olar sizden näçe uzak bolsa, hemmeler üçin – siziň üçinem, olar üçinem gowy bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün özüňizi iş ýagdaýyna getirmek gaty kyn bolar – başlamak gaty köp wagt alar. Öz-özüňizi begendirmäge synanyşmaly dälsiňiz. Arkaýyn boluň, günortandan soň güýje girersiňiz we hemme zady düzedersiňiz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama