SPORT

11 ýyldan soňra finala çykdy

Italiýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ýarym final duşuşyklary geçirilýär. “Inter” topary öz meýdançasynda “Milan” toparyny 3:0 hasabynda utup, 2011-nji ýyldan soňra ilkinji gezek finala çykdy.

Simone Indzaginiň futbolçylary ynamly ýeňiş gazandy. Toparyň düzüminden 4-nji hem-de 40-nji minutlarda Lautaro Martines hem-de 82-nji minutda Robin Gosens tapawutlandy.

“Inter” toparynyň finaldaky garşydaşy “Ýuwentus” bilen “Fiorentina” toparlarynyň arasyndaky duşuşykdan soňra belli bolar.

2011-nji ýyldan soňra gaýtadan finala çykan “Inter” topary kubogy gazanmagy maksat edinýär. Olar 2011-nji ýylda finalda “Palermo” toparyna 3:1 hasabynda ýeňlipdi.

 

 

“Liwerpulda” Salahyň gijesi

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady