DÜNÝÄ

11-nji iýul “Bütindünýä atlar güni” hökmünde bellener

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde 11-nji iýuly “Bütindünýä atlar güni” hökmünde yglan etmek hakynda kararnama kabul edildi.

Mongoliýanyň başlangyjy bilen taýýarlanan kararnama 56 döwlet tarapyndan goldanyldy. Olaryň hatarynda Türkmenistan, Türkiýe, Ýaponiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Germaniýa, Awstriýa, Bahreýn, Braziliýa, Koreýa, Hytaý, Katar, Marokko, Russiýa we Tailand ýaly döwletler hem bar.

Kararnamada gurama agza döwletleri hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplary her ýyl bu güni atlary we atçylyk pudagynyň ykdysady we jemgyýetçilik ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler arkaly bellemäge çagyrýar.

Kararnamanyň taslama bilen tanyşdyran mongol wekili atlary “adamzat taryhynyň iň möhüm haýwanlarynyň biri” hökmünde häsiýetlendirdi we ulag, oba hojalygy, maldarçylyk we magdançylyk, şeýle hem dynç alyş, ýaryş we syýahatçylykdaky ornuna ünsi çekdi.

FAO-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda münülýän we tirkeg üçin ulanylýan atlaryň sany 57 million diýlip çaklanylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri